1744449798010 scaled THE ASHGABAT TIMES
oplus_2

Türkmenistanyň Döwlet Energetika Institutynyň talyplary nazary mehanika dersinden XIX Halkara Olimpiadasynda ajaýyp üstünlik gazandylar

15.04.2025

Türkmenistana wekilçilik eden üç talyp: Ataýewa Dursunjemal, Ýazjumaýewa Aýna we Azadowa Mähriban, hem şahsy, hem-de toparlaýyn bäsleşikde üstünlikli çykyş etdiler.

Şahsy bäsleşikde Aýna bilen Dursunjemal üçünji orny eýelediler. Toparyň umumy üstünliklerine görä, Türkmenistanyň Döwlet Energetika Institutynyň topary bäsleşikde üçünji orny gazandy. Olimpiadada jemi 110-dan gowrak talyp gatnaşdy we 25 ýokary okuw mekdebi wekilçilik etdi. Bu abraýly çärä Belorussiýanyň Gomel şäherinde, Belarus Döwlet Ulag Uniwersiteti tarapyndan 9–13-nji aprel aralygynda gurnalyp geçirildi.

1744395894734 THE ASHGABAT TIMES

Bäsleşik iki tapgyrdan geçdi. Şahsy bäsleşikde talyplara nazary mehanikanyň statika, kinematika we dinamika ugurlary boýunça 8 mesele hödürlenip, her mesele üçin ýarym sagat, jemi 4 sagat wagt berildi. Toparlaýyn breýn-ring bäsleşiginde bolsa, 30 meseläni çözmek üçin bir sagat wagt bellenildi.

Türkmenistanly talyplaryň bu üstünliklerine ýolbaşçy bolup, olar bilen bile bäsleşige gatnaşan Gylyçgeldiýewa Gyzylgül we Batmanow Jumanazar mugallymlar uly rol oýnadylar. Şeýle hem, iň ýokary netijeleri eýýäm iki ýyl bäri Hytaý Halk Respublikasynyň talyplarynyň gazanýandygyny bellemek zerurdyr.

Türkmenistanyň Döwlet Energetika Institutynyň talyplary bilim we zehinlerini dünýä derejesindäki abraýly olimpiada arkaly görkezip, Türkmenistanyň bilim ulgamynyň ösüşini we ýokary derejesini nobatdaky gezek subut etdiler. Bu üstünlik diňe bir talyplara däl, eýsem, Türkmenistana-da uly buýsançdyr.

1744478873466 THE ASHGABAT TIMES

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
20200930az001 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sportuň erkin göreş görnüşi

v1v1dlrrm80fnnipuznieqqnvv69lw6fypcmpvdm THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Tokioda ýokary derejeli gepleşikleri we duşuşyklary geçirdi

Soňkylar Habar

GitTop