Dark
Light
26.01.2026
turkmenistanyn-ilcisinin-kipr-respublikasynyn-prezidentine-ynanc-hatyny-gowsurys-dabarasy
Türkmenistanyň Ilçisiniň Kipr Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşuryş dabarasy

Türkmenistanyň Ilçisiniň Kipr Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşuryş dabarasy

03.04.2025

2025-nji ýylyň 31-nji martynda Nikosiýa şäheriniň Prezident köşgünde Türkmenistanyň Kipr Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Rim şäheri) T.Kömekowyň Kipr Respublikasynyň Prezidenti Nikos Hristodulidise ynanç hatyny gowşuryş dabarasy geçirildi.

Kipr Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine mähirli salamyny we türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Kipr Respublikasynyň Baştutany Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň sebit we halkara derejesinde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekdäki möhüm goşandyny belläp geçdi.

Ilçi T.Kömekow öz gezeginde Kipr Respublikasynyň Prezidentine we bu ýurduň halkyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan mähirli salamy we iň gowy arzuwlary ýetirdi.

Taraplar Türkmenistan bilen Kipr Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.

Dabaranyň çäginde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşykda Ilçi T.Kömekow 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek Parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara forumyna gatnaşmak üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan çakylyk hatyny gowşurdy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

saud-arabystany-patysalygynyn-dowlet-ministri,-ministrler-kabinetinin-agzasy-bilen-dususyk-gecirildi
Öňki taryh

Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy bilen duşuşyk geçirildi

tmk-da-hunar-saylamak-barada-pikir-alysma-dususyk-gecirildi
Next Story

TMK-da hünär saýlamak barada pikir alyşma duşuşyk geçirildi

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.
GitTop