2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Kolumbiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ektor Isidro Arenas Neýradan Ynanç hatyny kabul etdi. Milli Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa Türkmenistan bilen Kolumbiýa Respublikasynyň arasyndaky ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde uly üstünlikleri arzuw etdi. Diplomat Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň işi bilen tanyşdyryldy. Taraplar halkara düzümleriň çägindäki hyzmatdaşlygy bellemek bilen, BMG-niň çäginde öňe sürülýän başlangyçlary özara goldamagy dowam etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Duşuşygyň dowamynda taraplar milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmaga, iki döwletiň hyzmatdaşlyga bolan mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge giň mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler. Kolumbiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Türkmenistanyň Mejlisinde Kolumbiýanyň Ilçisi Ynanç hatyny gowşurdy
Soňkylar Habar
Türkmenistanyň Döwlet Energetika Instituty 5-nji Açyk Halkara Internet Olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Döwlet Energetika Instituty ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny “Nazary Mehanika” dersi boýunça geçiriljek 5-nji Açyk Halkara Internet Olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.
Türkmen işewürler wekiliýeti Eswatini Patyşalygynda ýokary derejeli garşy alnyldy
Türkmenistandan ýokary derejeli işewürler topary Eswatini Patyşalygyna gelip, ýurduň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Pholile Shakantu hem-de Içeri işler ministri, HRH Şazada Lindiwe
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna halkara şahadatnamalar gowşuryldy
Şu ýylyň 16 — 25-nji ýanwary aralygynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde 48-nji halkara sirk sungaty festiwaly geçirildi. Oňa ýurdumyza wekilçilik edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke
UNFPA we milli hyzmatdaşlar adatdan daşary ýagdaýlarda reproduktiw saglygyny üpjün etmek boýunça seminar geçirdiler
Aşgabat, 2026-njy ýylyň 23-nji ýanwary – 2026-njy ýylyň 21-23-nji ýanwary aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky Wekilhanasy we milli hyzmatdaşlar reproduktiw saglygy
Merkezi Aziýa we Mongoliýa ilçileri Brýusselde möhüm duşuşyk geçirdi
Brýussel — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň ilçileri Belgiýanyň Wekiller Palatasynyň Başlygy Piter De Roower bilen ýokary derejeli duşuşyk geçirdiler. Duşuşyk sebitdäki jebisligiň we