gv2ovrvxhcdsellehxu1sxzxga3ctrkxdgcdunxi 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Parlamentara Bileleşigiň Baş Sekretary bilen duşuşygy geçirildi

05.04.2025

Özbegistan Respublikasyna iş saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Parlamentara Bileleşigiň Baş Sekretary Martin Çungong bilen duşuşygy boldy. 

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Kararnamalaryň kabul edilmeginiň hem-de ýurdumyzyň bütindünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýeti nygtaldy. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Parlamentara Bileleşigiň Baş Sekretaryny 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek halkara çärelere, şol sanda parlament çärelerine gatnaşmaga çagyrdy. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar parlamentara bileleşigiň 150-nji assambleýasynyň gün tertibinde duran meseleler  boýunça alnyp barylýan işler, milli tejribeler hakynda maglumatlary diňlemegiň hem-de öňe sürlen teklipler  bilen tanyşmagyň parlament wekilleri üçin ähmiýetli boljakdygyny bellediler. Şeýle hem, Türkmenistanyň Mejlisiniň we Parlamentara Bileleşigiň geljekde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
opmsbanqdlv1mxfnegnvcgdhx6tm8sxqnzbgb9kj THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Parlamentara Bileleşigiň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi

xaurf9qxbzxwegbsdlnnjdwflsb3ak1tiuped3vi THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý mejlisiniň çäginde geçirilýän Zenan parlimentarileriň forumyna gatnaşdy

Soňkylar Habar

GitTop