mejlis THE ASHGABAT TIMES

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ BAŞLYGYNYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDAKY WEKILIÝET PARLAMENTARA BILELEŞIGINIŇ 150–NJI ÝUBILEÝ ASSAMBLEÝASYNA GATNAŞDY

06.04.2025

2025-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasynyň “Durmuş ösüşini we adalatlylyk üçin parlament hereketi” atly maslahatyna gatnaşdylar. Bu maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa ýolbaşçylyk etdi.

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Assambleýanyň gün tertibiniň meselesi boýunça çykyş edip, Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek babatda oňyn halkara başlangyçlary, şeýle hem ýurdumyzda adalatly durmuş ösüşini üpjün etmek babatda alnyp barylýan işleriň ähmiýetini belledi.

Maslahatyň dowamynda D.Gulmanowa Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilýän Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý mejlisiniň işiniň häzirki  zamanyň möhüm meselelerini – Durmuş ösüşini we adalatlylyk üçin parlament hereketini ara alyp maslahatlaşmaga, netijeli meýdança bolup durýandygyny, şeýle hem Parlamentara gatnaşyklaryň dünýa döwletleriniň dürli ulgamlarda gazanan üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşmaga hem-de kanunçykaryjylyk işinde öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmaga ýardam edýändigini  nygtady. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Durnukly ösüş maksatlarynyň ýörelgesinden ugur alnyp, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, adam saglygyny goramak, täze iş orunlaryny döretmek, gender deňligini üpjün etmek, ykdysadyýetiň ugurlaryny sanlylaşdyrmak we innowasiýalary ornaşdyrmak, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemeginiň netijelerini ýeňilleşdirmek babatda durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýetini nygtady. 

Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüşiň maksatlarynda göz öňünde tutulan, dünýäniň we adamzadyň durnukly ösüşiniň bähbitleri üçin köptaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk hem pugtalandyrylmagynda Parlamentara Bileleşigiň işine uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de Parlamentara Bileleşigiň wekillerini 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek halkara çärelere, şol sanda parlament çärelerine gatnaşmaga çagyrdy. 

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
vbfbk1jxxrlv7ggiraulckcs8fsmsrtrcelelfsi THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy geçirildi

67ebdca6bb76b376 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly sport çäreleri ýaýbaňlandyryldy

Soňkylar Habar

GitTop