1241wrea1 THE ASHGABAT TIMES

Ýaş energetikler- öňdebaryjy orunlarda

19.04.2025

Bilşimiz ýaly 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 13-18 aralygynda geçirilen “ Open Mathematical Olympiad for University Students” (OMOUS) 2025 halkara olimpiýadanyň netijeleri mälim boldy. Bu bäsleşige Russiýa, Özbegistan, Indoneziýa, Eýran, Birleşen Arap Emirlikleri, Hindistan, Polşa, Ruminýa ýaly döwletleriň 30 sany ýokary okuw mekdebinden jemi 170-den gowrak daşary ýurtly talyplar, öz Watanymyzyň 26 sany ýokary okuw mekdebinden bolsa, 400-den gowrak talyp ýaşlaryň gatnaşan bu olimpiýadasy diýseň gyzykly boldy. Çekeleşikli geçen bu bäsleşikde 600-e golaý talyp ýaşlar özara güýç synanyşdylar. Talyplar bäsleşigiň 1-nji gününde ýekeleýin ugur boýunça, 2-nji gününde bolsa toparlaýyn görnüşinde bäsleşdiler. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyp ýaşlary hem bu bäsleşige öz goşantlaryny goşdular.

Olardan
3-sany altyn medal: Annaýew Muhammet, Goçyýew Nurmuhammet, Turaýew Baýram;
5 sany kümüş medal: Meredow Mergen, Täşliýew Ýakup, Şihmyradow Muhammet, Muhammetamanow Kakageldi, Ýoldaşow Tahyr;
1 sany bürünç medal: Jumanyýazow Kemran

Toparlaýyn bäsleşikde bolsa Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyp ýaşlary bürünç medala mynasyp boldular.

Bäsleşigiň jemleri jemlenýänçä muhmanlary we talyp ýaşlary ýurdumyzyň gözel künjeklerine, tebigy ýadygärliklerine we muzeýlerine gezelençler guraldy. Bu bolsa olarda gyzykly hem-de ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Institutymyzyň hem-de Watanymyzyň abraýyny has-da ýokarlandyrýan, dünýä döwletlerine äşgär eden talyplarymyzyň begençleriniň çägi ýok. Olaryň mundan beýläk-de ýene-de üstünlik gazanjakdyklaryna biz tüýs ýüregimizden ynanýarys. Biz hem agzybir mugallymlar bolup, şular ýaly bäsleşiklere ýene-de mundan hem güýçli talyp-ýaşlary ýetişdirmek üçin elimizde baryny gaýgyrmarys!

Ýurdumyzda ylymly bilimli ýaşlary ýetişdirmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň başy dik, jany sag, il ýurt bähbitli beýik tutumlary hemişe rowaçlyklara ýar bolsun.

Şageldi Hudaýberdiýew
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýylymyzyň şygary – ösüşleriň nyşany

214gefsf THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Nubbin Tehnologiýasynyň Düşündirlişi we Syry

Soňkylar Habar

GitTop