Dark
Light
11.01.2026
23122023 gazna 960x511 1 THE ASHGABAT TIMES

Ýaş nesilleriň abadan durmuşda ýaşamagy baradaky alada

07.04.2025

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredilen pursadyndan bäri ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygynyň goralmagyna gönükdirilen çäreler toplumyny amala aşyryp gelýär. 2021-nji ýyldan bäri hereket edýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasy ýurdumyzda we daşary ýurtlarda işjeň hem köptaraplaýyn haýyr-sahawat işlerini alyp barýar. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna dünýäniň dürli ýurtlarynyň heläkçilik zerarly ejir çeken çagalaryna hem yzygiderli kömekleriň berilmegi, çylşyrymly köp basgançakly hirurgiýa operasiýalarynyň amala aşyrylmagy we köptaraplaýyn ynsanperwer çäreleriň guralmagy – ynsanperwer ýörelgeleriň dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda lukman Arkadagymyzyň milli saglygy goraýyş ulgamynda başyny başlan giň möçberli özgertmeleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýlelikde saglyk edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Munuň özi ynsan saglygynyň goralmagynyň möhüm şertini emele getirýär. Bu babatda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň mynasyp goşandy bardyr. Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýokary derejede amala aşyrylýandygyny, gaznanyň ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygynyň berkidilmegi ugrunda edýän tagallalarynyň oňyn netijeleri berýändigini äşgär etmelidir.

Beglimyrat AKMYRADOW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

gqcookzf0yimtzooealssnsulsdtxkduhhaeq6fg THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

У meta*-вышла-мощнейшая-ИИ-модель-llama*-4
Next Story

Meta* kompaniýasy iň güýçli Llama* 4 emeli aň modelini çykardy

Soňkylar Makalalar

Bedew batly ösüşleriň mekany

10.01.2026
Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Ýyllaryň atlary bolsa döwletli Diýarymyzyň taryhy tutumlary, halkymyzyň belent maksatlary, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
GitTop