Türkmen halkynyň «Gazananyň toýa ýarasyn!» diýen iň arzyly arzuwlarynyň birinde onuň dünýägaraýşy, durmuş pelsepesi açylýar. Magtymguly Pyragynyň: «Her suprada taýýar kylynsa aşlar,» diýip belleýşi ýaly, türkmen halkynyň at çapyşykly, göreşli, bagşyly toýlary, olarda ýerine ýetirilýän toý däp-dessurlary ruhy medeniýetimiziň köpöwüşginliligini dünýä ýaýýar. Türkmen toýlary ruhubelentligiň, şahandazlygyň, parahatçylygyň, bagtyýarlygyň nyşany hökmünde mazmun taýdan has-da baýlaşýar.

Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynyň «Toý-baýram döwresi» atly bölüminde: «Günler geçýär, aýlar aýlanýar, ýyllar bir-biriniň yzyndan kerwen gurap gidip barýar. Emma milli medeniýetimiziň gözbaşyny emele getirýän türkmen toý-baýramlarynyň umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasynyň örän gymmatly mirasy hökmünde dünýäniň ýüzündäki meşhurlygy dowam edýär. Bu bolsa halklaryň medeniýetleriniň ýakynlaşmagyna, baýlaşmagyna hem-de kämilleşmegine itergi berýär» diýip belleýär. Şeýle dabaraly toýlarymyzyň esasylarynyň biri hem durmuş toýudyr. Her gün ýaşlaryň iň ajaýyp günleriniň — durmuş toýlarynyň şaýady bolmak bagtyna eýe bolan Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň işgärleri-de her ädimde döwrümiziň toý ruhundan, joşgunyndan ylham alýarlar.
Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyzyň görküne görk goşýan «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezi Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen 2011-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 20 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly açylyp ulanmaga berildi. Ol dört tarapyndan Oguz hanyň sekizburçly ýyldyzynyň içinde Ýer togalagynyň dünýädäki iň uly binagärlik görnüşi hökmünde Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. 2012-nji ýylyň sentýabrynda Beýik Britaniýanyň London şäherinde geçirilen dabarada «Jemgyýetçilik desgalarynyň binagärligi» ugry boýunça «International Property Awards Europe» atly abraýly halkara baýraga eýe boldy.
Köşkde durmuş gurýanlar hem-de myhmanlar üçin ähli amatly şertler döredilendir. Binanyň içine 8 sany esasy girelge bolup, onuň 1-nji gatynda 500 orunlyk «Nur» we «Älem», 1000 adamlyk «Ak ýol» toý mekanlary, onlarça dükan ýerleşýär. Şeýle-de köşkde nika otaglarynyň jemi 7-si bolup, olaryň 6-sy 1-nji gatda ýerleşip, «Ýyldyz», «Ylham», «Şapak», «Şäher», «Sahawat», «Dessan» diýlip atlandyrylýar. Nika otaglarynyň 7-njisi 7-nji gatda — diametri 32 metrlik Ýer şary görnüşindäki togalagyň içinde ýerleşýän «Şamçyrag» otagydyr. Ol 120 adama niýetlenendir.
«Daragt», «Şugla», «Zamana», «Bagtly», «Çeşme», «Ýaýla», «Ajaýyp» toý mekanlary 2-nji gatda ýerleşýär. Olardan «Çeşme» 200 adama niýetlenen, galanlary bolsa 100 adamlykdyr. «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň gulluk iş otaglary, okuw otaglarynda hem döwrebap şertler üpjün edilendir. Bu köşgüň günbatar tarapynda — 1-nji gatda myhmanhanasy bolup, ol 22 otagdan ybaratdyr. Bu otaglaryň 10-sy ýokary amatlyklary bolan lýuks otaglardyr. Myhmanhana otaglarynyň ählisi kaşaň mebellerdir döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilen. Şeýle hem 300 ulaglyk ýapyk awtoduralga bu ýere gelýänlere hyzmat edýär.
Köşgümizdäki ýeňil awtoulaglar, şol sanda toý kejebesine bezeg berýän, dünýä belli «Linkoln» kompaniýasynyň önümi bolan «Limuzin», «Kabriolet» kysymly ýokary amatlyklary bolan awtoulaglar, awtobuslar gelnalyja gitmekde, ýaş çatynjalar üçin gezelençleri guramakda müşderilere hyzmat edýär. Bu ýerde ýaş çatynjalaryň toý lybaslaryny saýlamaklary, durmuş toýunyň ajaýyp pursatlaryny ýazgy etmek, surata düşürmek üçin amatlyklar hem döredilen.
«Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň Medeni-usulyýet merkezi türkmen halkynyň ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklaryny, şol sanda däp-dessurlaryny, urp-adatlaryny öwrenmek, wagyz etmek hem-de döwrebap ýöretmek ugrunda işleri alyp barýar. Bagtyýar ýaşlaryň mukaddes maşgala ojagynyň düýbüniň tutulýan pursatlarynda olar bilen söhbetdeşlikler geçirilýär, nikalaşýanlara maslahatlar berilýär. Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň kadalary, Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgütleri düşündirilýär. Durmuş gurýanlaryň maşgalasynyň sagdyn, berk bolmagy üçin köp ýyllar bäri döwletli ojaklarda bagtyýar ýaşaýan ata-eneleriň gatnaşmagynda duşuşyklar geçirilýär. Medeni-usulyýet merkezinde «Toý dabaralaryny guramak we alyp barmak», «Toý dabaralaryny bezemek», «Toý dabaralarynda wideo-foto operator» ugurlary boýunça ýurdumyzyň dürli ýerlerinden gelýän ýaşlara ylym-bilim, hünär öwredilýär. Gysga möhletli okuwlarda okaýan diňleýjilere ýörite hünär taýýarlygy bolan, tejribeli mugallymlar sapak berýärler. Diňleýjileriň öz saýlap alan ugurlary boýunça tejribe geçmekleri üçin hem ähli şertler döredilendir. Bulardan başga-da, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilýän sepgitleriň miweleri, adam atlary, toý alkyş-dilegleri, çaga terbiýesi ýaly dürli temalara degişli gollanmalar, usuly işler taýýarlanylýar. Hünärmenlerimiz tutulýan durmuş toýlarynyň, baýramçylyk dabaralarynyň döwrüň ruhuna laýyk guralmagy, olarda milli däp-dessurlarymyzyň mynasyp derejede berjaý edilmegi ugrunda yhlas edýärler. Toýlaryň şowhunly we täsirli bolmagy üçin «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň giň we döwrebap mümkinçilikleri netijeli ulanylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmen toýlarynyň seresi durmuş, ýagny gelin toýudyr. Her bir durmuş toýy täze maşgalanyň dörändigini buşlaýar. Maşgala bolsa biziň gymmatlyklarymyzyň naýbaşylaryň biridir. Goý, hemişe bagtyň öýi bolan Diýarymyzda «Gelniň aýagy düşsün!», «Goňşyň gutly bolsun!», «Bagtyň açyk bolsun!», «Halatlar gutly bolsun!», «Ýaşlar bagtly bolsun, goşa garrasyn!», «Toýuň toýa ulaşsyn» ýaly toý, maşgala gurmak bilen bagly alkyş-dilegler belent ýaňlansyn.
Gülşat MUHYÝEWA,
Aşgabat şäher häkimliginiň
«Bagt köşgi» toý dabaralary
merkeziniň maslahatçysy