photo 2025 05 26 11 46 14 THE ASHGABAT TIMES

Aşgabatda Futboluň Bütindünýä güni bellenildi

26.05.2025

2024-nji ýyldan başlap, her ýylyň 25-nji maýynda dünýäniň ähli ýurtlarynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň karary bilen Futboluň Bütindünýä güni bellenilýär. Bu mynasybetli Aşgabatda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy we Täjigistanyň ilçihanasy tarapyndan guralan dabaraly çäre geçirildi.

Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi Wafо Аlibek Niyatbekzoda çykyşynda futbolyň diňe bir sport däldigini, eýsem köp adam üçin durmuş manysyny berýändigini belledi. Onuň sözlerine görä, futbol ynsanlary terbiýeleýär, tertiplilige öwredýär, ýeňşi dogry kabul etmegi hem-de ýeňlişi mynasyp garşy almagy öwredýär.

Dabaranyň resmi böleginden soň, Täjigistan ilçihanasynyň diplomatlary bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasyndaky kurslaryň diňleýjileriniň arasynda dostlukly futbol duşuşygy geçirildi.

Aşgabatda geçirilen bu sport çäresi futboluň jemiýetdäki uly ornuny hem-de halklaryň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ähmiýetini ýene bir gezek görkezdi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
photo 2025 05 25 20 12 59 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

A.S. Puşkin adyndaky mekdebiň uçurymlary üçin soňky jaň

photo 2025 05 26 11 50 36 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Özbegistan Hytaýyň iň baý welaýatlarynyň biri bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär

Soňkylar Sport

Sport we bedenterbiýe ulgamy

Türkmen sportunyň dabaralanmagy

24.11.2025
Türkmenistanyň sport we bedenterbiýe ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy barada aýdanymyzda, ýurdumyz Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, ýöriteleşdirilen halkara sport birleşikleri bilen gatnaşyklary işjeň ýagdaýda

Futzal boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy

19.11.2025
Paýtagtymyzyň «Köpetdag» futzal topary nobatdaky gezek ýurdumyzyň çempiony boldy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň garamagyndaky topar Naýbaşy liganyň ýakynda tamamlanan möwsüminde geçiren 20 duşuşygynyň 15-sinde
GitTop