Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda 28 Maý – Garaşsyzlyk Güni mynasybetli resmi kabul edişlik geçirildi.

Iki ýurduň döwlet senasy ýaňlanandan soň, Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Ilçisi Gismat Gozalow çykyş edip, 107 ýyl mundan ozal, 1918-nji ýylyň maý aýynyň 28-ne Gündogarda ilkinji demokratik döwlet hökmünde gurulan Azerbaýjan Demokratik Respublikasynyň taryhy ähmiýeti barada aýtdy.

Ilçi Gismat Gozalow öz çykyşynda bu gün Azerbaýjanyň Ýewraziýa giňişliginde köptaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekde möhüm rol oýnaýan energiýa, ulag we logistika başlangyçlaryna işjeň gatnaşýandygyny aýtdy. Azerbaýjan Ýewropany we Aziýany birleşdirýän strategiki energiýa koridorlary, halkara demir ýol we transport ulgamlary, ýaşyl koridorlar we alternatiw energiýa geçiriji taslamalary arkaly global hyzmatdaşlykda esasy rol oýnaýar. Ilçi, Azerbaýjanyň energiýa syýasatynda möhüm üýtgeşmeler girizmek bilen, diňe bir nebit we gaz eksportçysy däl, eýsem şol bir wagtyň özünde ygtybarly ýaşyl energiýa hyzmatdaşy hökmünde hem pozisiýasyny güýçlendirýändigini aýtdy. 2024-nji ýylda Bakuwda üstünlikli geçirilen COP29 çäresi, Azerbaýjanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşde öňdebaryjy ornuny hasam güýçlendirdi. COP29-yň çäginde Azerbaýjan ösen we ösýän ýurtlar, şeýle hem Global Günorta we Global Demirgazyk arasynda umumy düşünjäni formalaşdyrmak üçin tagalla etdi we konferensiýa Bakuwyň Maliýe Maksadyny hem içine alyp birnäçe taryhy şertnama bilen tamamlandy.
Şol bir wagtyň özünde, Ilçi öz çykyşynda 2020-nji ýylda 44 gün dowam eden Watançylyk urşundan soň, Azerbaýjanyň territorial bitewiligini we özygtyýarlygyny dikeltmekde sebitde ýüze çykan täze hakykatlara, azat edilen Azerbaýjanyň ýerlerinde gaýtadan dikeldiş we gurluşyk işlerine, mina howpuna garşy göreş we sebitdäki parahatçylyk gün tertibi ýaly meselelere ünsi çekdi. Ilçi sebitdäki konfliktiň soňlanmagy bilen ilkinji nobatda ulag we aragatnaşyk pudagynda täze hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň ýüze çykandygyny we bu mümkinçilikleriň diňe Günorta Kawkaz üçin däl, eýsem tutuş sebitiň bähbitlerine hyzmat etjekdigini aýtdy.
Şol bir wagtyň özünde, ilçi 2020-nji ýylda 44 günlük Watançylyk urşundan soň sebitde ýüze çykan täze hakykatlara, Azerbaýjanyň territorial bitewiligini we özygtyýarlylygyny dikeltmegine, azat edilen sebitlerimizde dikeldiş we ösüş işlerine, sebitdäki parahatçylyk gün tertibine ünsi çekdi.
Ilçi Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada durup geçip, gymmatlyklary bir bolan dogan ýurtlar bilen gatnaşyklarynyň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurdygyny aýtdy. Gismet Gozalow Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň aýratyn möhümdigini we bu gatnaşyklaryň umumy taryhy, dil, etnik we medeni baglaryna, şeýle hem umumy ata-babalara esaslanýandygyny aýtdy. Ilçi, ýurduň ýolbaşçylarynyň öňdengörüji syýasaty saýasynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategiki hyzmatdaşlygyna çykandygyny, häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarda üstünlikli çuňlaşýandygyny aýtdy.
Ilçi, parlamentlarara gatnaşyklaryň we Daşary Işler Ministrlikleriniň arasyndaky gepleşikleriň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm rol oýnaýandygyny, Bilelikdäki Hökümetara Komissiýanyň çäginde syýasy, ykdysady, ulag, energetika we medeni-ynsanperwer ugurlarda işjeň ösýändigini aýtdy. Iki ýurduň, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ugrunda, esasanam Global Metan Borçnamasy ýaly başlangyçlarda bilelikde tagalla edendiklerini, nebit-gaz gorlaryna garamazdan daşky gurşaw taslamalaryna goşant goşandygyny aýtdy. 2024-nji ýylda ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň takmynan 384 million ABŞ dollaryna barabar bolandygyny we bu görkeziji gatnaşyklaryň çalt ösýändigini görkezýär, 2025-nji ýylda has hem artjakdygyna umyt edýändigini aýtdy.
Gismat Gozalow, 2025-nji ýylyň Azerbaýjanda “Konstitusiýa we Özygtyýarlylyk ýyly”, Türkmenistanda bolsa “Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly” diýlip yglan edilmegine ünsi çekip, bu kararlaryň iki ýurduň parahatçylyga, durnuklylyga we umumy ösüşe bolan üýtgewsiz ygrarlylygyny görkezýändigi aýtdy. Ýurt ýolbaşçylarynyň tutanýerli syýasy erki bilen dogan halklarymyzyň arasyndaky taryhy köklere esaslanýan gatnaşyklaryň has-da çuňlaşjakdygy, sebitde we dünýäde parahatçylyk we gülläp ösmek ugrundaky bilelikdäki tagallalaryň täze sepgitlere ýetjekdigi, şeýle hem berk binýatda Azerbaýjan we Türkmenistan geljekde has uly üstünliklere ýetjekdigi bellenildi.
Şeýle hem, Ilçi Gismat Gozalow çykyşynda Azerbaýjan-Türkmenistan doganlyk gatnaşyklarynyň ösmegine bahasyna ýetip bolmajak goşantlary ügoşant goşandyklary üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedowa we Türkmen halkynyň milli lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdi.

Çärä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Bilelikdäki Hökümetara Komissiýanyň egindeş başlygy Nokargulu Ataguliýew öz çykyşynda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedowyň gutlagyny ýetirip, Azerbaýjana gülläp ösüş we üstünlik arzuw etdi. Iki ýurduň liderleriniň arasyndaky ýokary derejeli gepleşikleriň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine güýçli itergi berendigini, halklarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň taryhy köklere esaslanýandygyny, ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlary öz içine almak bilen dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň çalt ösmegi begendirýändigini belläp geçdi.
Çäre Azerbaýjanyň halk we kompozitor sazynyň bilelikde alynyň barylmagy bilen dowam etdi. Şeýle hem çärä gatnaşyjylara Azerbaýjanyň milli tanslary görkezildi.

Myhmanlara Azerbaýjan tagamlarynyň, süýjüleriň we milli içgileriň nusgalary hödürlendi.

Şol bir wagtyň özünde, Azerbaýjanyň taryhy mirasyny, inçe sungatyny, halyçylyk sungatyny we syýahatçylyk potensialyny görkezen materillar, milli saz gurallaryny, şeýle hem “Made in Azerbaijan” brend önümlerini görkezýän materiallar sergilendi we gatnaşyjylara hödürlendi. Dabarada azerbaýjan.travel we Made in Azerbaijan platformalaryny mahabatlandyrýan bannerler hem görkezildi.
Çärde Türkmenistanda akkreditlenen daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, köpçülikleýin habar beriş seridşeleriniň wekilleri, jemgyýetçilik wekilleri, şeýle hem Türkmenistanda ýaşaýan azerbaýjanlylar gatnaşdylar.
