Dark
Light
24.01.2026
i 48 THE ASHGABAT TIMES

Bilim ulgamynda uly ösüşler

02.05.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyz her gününi şan-şöhrata besläp, geljegiň ak ýoly üçin aýdyň binýat gurmagyň ýolunda ynamly ädimler bilen ösüşiň barha ilerleýän belentliklerine tarap ynamly barýar. Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegi, onuň halkara gatnaşyklarynyň parahatçylyk ýoly bilen ýaýbaňlanmagyna mynasyp goşandyny goşmagy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegi, onuň dünýä döwletleriniň içinde abraýynyň uludygyny görkezýär. Bitaraplygyň şöhratly 30 ýylynyň içinde, Türkmenistan döwlet gurluşynyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikleri gazandy.

Diýarymyzda halkymyzyň bolelin durmuşy üpjün edilip, ykdysady, syýasy, medeni we ylym-bilim ulgamlarynda uly üstünlikler gazanyldy. Bu beýik özgertmeler ýolunda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň bilim ulgamynda hem düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary, ruhubelent, beden taýdan sagdyn kemala gelmekleri, bilim işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary bolmagy üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan bimöçber aladalar edilýär.

Häzirki zamanda islendik döwletiň üstünlikli ösüşleri ilki bilen bilim we ylym ulgamynyň ösüş derejesinde kesgitlenilýär. Şu derwaýys talapdan ugur alyp, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi babatda edýän yzygiderli aladalary netijesinde Diýarymyzda orta we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu täze binalaryň ählisi döwrebap kompýuterler, okuw-tehniki serişdeleri, interaktiw, multimediýa tehnologiýalary bilen doly üpjün edilýär. 

Ýaşlarymyzyň halkymyzyň medeni mirasyny düýpli öwrenmekleri, olary ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerinde terbiýelemek babatynda hem uly işler alnyp barylýar. Bilim ulgamy bilen baglanyşykly meýilnamalar has hem kämilleşdirilýär we üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Häzirkizaman türkmen ýaşlaryna kämil bilim-terbiýe bermek, olaryň giň gözýetimli bolmagyny gazanmak, iň oňat ukyplaryny, başarnyklaryny, endiklerini ýüze çykarmak hem-de milli ruhy gymmatlyklarymyz bilen baglylykda  ýaşlarymyzy döwrebap ösdürmek, olaryň daşary ýurt dillerini kämil bilmeklerini gazanmak esasy wezipedir. 

Türkmen ylmyny-bilimini täze derejelere göterýän, ýurdumyzyň ähli ulgamlaryna ylmyň soňky gazanan tehnologiýalaryny, tilsimatlaryny ornaşdyrýan, mugallymlara, alymlarymyza, ylmy işgärlere işlemek üçin ähli zerur şertleri döredýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Jennet HYDYROWA
Kaka etrabynyň 4-nji orta
mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

original 1622194db7e3a2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Paýtagtymyzda ýokary derejeli halkara forum geçirildi

6aae11725769747d63ac979abdfd48e8 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sanly bilim ulgamynyň ähmiýeti 

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop