iuhd THE ASHGABAT TIMES

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti “Açyk gapylar” gününe gatnaşmaga çagyrýar

01.05.2025

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti sizi 2025-nji ýylyň 3-nji maýynda sagat 14:00-da “Açyk gapylar” gününe gatnaşmaga çagyrýar. Bu çärede uniwersitetimizde bilim almaga isleg bildirýän ýaşlarymyz ýokary okuw mekdebimiziň fakultetleri, hünärleri, okuwlaryň gurnalyşy we uniwersitetimizde ýokary hünär bilimini almagyñ artykmaçlyklary bilen tanyşarlar. Bu gün dalaşgärlere uniwersitetiň ýolbaşçylary we mugallymlary bilen duşuşmaga mümkinçilikler dörediler.

“Açyk gapylar” gününde myhmanlara uniwersitetimiziň ähli mümkinçiliklerini açyp görkezjek gezelençler, sergiler, görelde sapaklary, zehin bäsleşikleri we beýleki bilim, ylym bilen bagly gyzykly çäreler guralar. Dalaşgärler uniwersitetiň bilim, ylym babatynda mümkinçilikleri, şeýle hem daşary ýurt dilinde ýokary hünär bilimini almagyň aýratynlyklary we uniwersitetimiziň onlaýn platformalary, halkara ülňülerine laýyk gelýän iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan okuw we kompýuter otaglary bilen giňişleýin tanyşyp, hormatly Prezidentimiziñ baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýat bolarlar.

Myhmanlar talyplaryň okuwdan daşary ylmy gurnaklara, ylmy kitaphanalara, sport we medeni-köpçülik çärelere işjeň gatnaşyp özleriniň boş wagtlaryny ylyma, bilime we döredijilik bilen meşgullanmaga sarp edýändiklerine göz ýetirerler, şeýle-de ýurdumyzyň sebitlerinden gelip okaýan ýaşlarymyzyň döwrebap umumy ýaşaýyş jaýlaryndaky gyzykly talyp durmuşy bilen tanşyp bilerler.

HYYÖU administrasiýasy, açyk gapylar güni ähli isleg bildirýän we maksada okgynly ýaş oglan-gyzlar bilen duşuşmaga şat bolar!

Biziň salgymyz: Aşgabat şäheriniň (Andalyp) 1958 köçesiniň 169-njy jaýy.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 39-85-42, 39-85-13, 39-85-40, 39-85-33, 39-85-28,    39-85-29.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
img 8839 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

BMGÖM Türkmenstata halkara standartlaryna laýyklykda maliýe hasabyny işläp düzmekde goldaw bermegini dowam etdirýär

untitled design 5 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

BMG-niň Ilaty Gaznasy (UNFPA) Türkmenistanda demografiýa boýunça mümkinçilikleri ýokarlandyrmak maksady bilen hyzmatdaşlyk seminaryny geçirdi

Soňkylar Habar

GitTop