Dark
Light
03.01.2026
i 5 scaled THE ASHGABAT TIMES

Häzirki zaman maglumatlar tory

19.05.2025

 Häzirkizaman dünýäsi sanlylaşma döwrüni başdan geçirýär. Tehnologiýanyň örän çalt depginde ösmegi bilen sanly ulgam durmuşymyzyň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Dünýä döwletleriniň ylym-bilim binýady ilkinji nobatda, şol döwletiň ýaş nesliniň ylym-bilim derejesi bilen kesgitlenýän bolsa, şol ýurduň ylym-bilim kuwwaty kompýuterleşdiriş derejesiniň ýokarydygy bilen kesgitlenýär. Çünki maglumat-aragatnaşyk ulgamynyň esasy çelgisi – bu kompýuterleşdirilen ulgamlardyr. Olaryň has tiz we giň möçberli netijeli işini bolsa, internet tory we älem giňişliginiň web sahypalary üpjün edýärler.

Bu ösüşler bazar ykdysadyýetine geçýän döwletlerde möhüm orunda durýar. Ykdysady, söwda we beýleki pudaklardaky işlerini dünýä ýaýmaga, netijeli söwda gatnaşyklaryny alyp barmaga, ähli ýerde hil, amatlylyk we elýeterlilik ýörelgelerini amala aşyrmaga internet tehnologiýalary ýakyndan ýardam berýär. Biziň ýurdumyzda internet ulgamynyň ösdürilmegine, ähli ulgamlaryň kompýuterleşdirilmegine we sanly hyzmatlaryň geriminiň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Internet we täze tehnologiýalar arkaly maglumatlar elýeterli edilýär. Halkymyza döwrebap sanly hyzmatlar ýola goýulýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň geljeginiň berk binýadyny ýaşlarda görýär. Olaryň dürli tehnologiýalardan we öňdebaryjy tilsimatlardan baş alyp çykmagy üçin şertleri üpjün edýän ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge uly üns berýär. Orta mekdeplerden başlap, ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hili yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Sapaklarda öňdebaryjy tehnologiýalardan we kompýuter tilsimatlaryndan netijeli peýdalanylýar.

Täzeçil usullar, sanly ulgam, ylmyň gazananlary we ýokary tehnologiýalar döwlet ösüşiniň möhüm şertidir. Biziň ýurdumyzda ýaşlar bilen ylym-bilimiň, sanly tehnologiýalaryň arasynda berk sazlaşyk, uýgunlaşyk bar. Çünki sanly tehnologiýalar geljegiň ylmy kuwwaty, ösen aň-bilim röwşen geljegiň binýady. Şeýle döwrebap şertlerde okap bilim almak, zähmet çekmek bilen, biz ýaşlar döwletimiziň binýatly geljeginiň ylmyň-bilimiň üsti bilen berk gurulýandygyny aýdyň görýäris. Bu internet tehnologiýalaryndan peýdalanmak babatda hem şeýledir.

Selbi AZIZOWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

d7a6252f75378d211466c6c0e6c21d06 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Magtymguly Pyragy- halkyň ruhy çyragy 

i 6 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Goşa mukaddesligiň baýramy

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop