Dark
Light
26.01.2026
Роналду-возглавил-список-самых-высокооплачиваемых-спортсменов-forbes
Роналду возглавил список самых высокооплачиваемых спортсменов Forbes

Kriştianu Ronaldu Forbes žurnalynyň iň köp girdeji gazanan türgenleriniň sanawynda birinji orny eýeledi.

16.05.2025

Portugaliýaly futbolçy, Saud Arabystanynyň “Al-Nassr” klubynyň oýunçysy Kriştianu Ronaldu Forbes žurnalynyň iň köp girdeji gazanan türgenleriniň sanawynda üçünji gezek yzygiderli we karýerasynda bäşinji gezek birinji orny eýeledi. 40 ýaşly hüjümçiniň girdejisi 275 million dollar boldy.

Iň köp girdeji gazanan on türgeniň ýyllyk umumy girdejisi 1,4 milliard dollar bolup, ikinji ýyl yzly-yzyna sanawyň ilkinji onlugyndaky her bir türgeniň girdejisi 100 million dollardan geçdi.

Sanawda ikinji orny NBA-nyň “Golden State” klubynyň oýunçysy Stefan Karri (156 million dollar) eýeledi, ol basketbolçylaryň arasynda Lebron Jeýmsiň girdeji rekordyny täzeledi.

Üçünji orny britaniýaly boksçy Taýson Fýuri (146 million dollar) eýeledi, ol soňky ýylda ukrainaly Aleksandr Usik bilen iki gezek duşuşyp, ýeňildi we karýerasyny tamamlandygyny yglan etdi.

Sanawyň ilkinji onlugyna giren beýleki türgenler:

  • Dak Preskott (amerikan futboly) – 137 million dollar (NFL üçin rekord);
  • Lionel Messi (futbol) – 135 million dollar;
  • Lebron Jeýms (basketbol) – 133,8 million dollar (şahsy rekord);
  • Huan Soto (beýsbol) – 114 million dollar (MLB üçin rekord);
  • Karim Benzema (futbol) – 104 million dollar;
  • Söhýeý Otani (beýsbol) – 102,5 million dollar;
  • Kevin Durent (basketbol) – 101,4 million dollar.

Şeýle hem, Aleksandr Usik we golfçy Jon Ram 100 million dollardan gowrak girdeji gazandylar, ýöne sanawa girip bilmediler.

Forbes žurnalynyň 1990-njy ýyldan bäri geçiren hasaplamalaryna görä, sport karýerasynda Ronaldundan has köp girdeji gazanan ýeke-täk türgen amerikan boksçysy Floýd Meýwezer bolup, ol 2015-nji ýylda 300 million dollar we 2018-nji ýylda 285 million dollar gazandy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

photo 2025 05 15 17 40 59 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Täjigistanda ulag ulgamyň täze tapgyry

«Барселона»-досрочно-стала-чемпионом-Испании
Next Story

“Barselona” Ispaniýanyň çempiony bolmagyny öňünden kepillendirdi

Soňkylar Sport

Jakomo Raspadori “Atalanta” toparyna transfer boldy

16.01.2026
Italiýanyň “Atalanta” topary düzümini täze hüjümçi bilen güýçlendirdi. Bergamolylar geçen tomusda Madridiň “Atletiko” toparyna transfer bolan 25 ýaşyndaky Jakomo Raspadorini öz hataryna goşdy. Taraplaryň

Sport meýletinçileriniň ýokary derejeli taýýarlygy

15.01.2026
2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Aziýanyň Futbol konfederasiýasy (AFK) tarapyndan geçirilýän AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň çäklerinde Aşgabat şäherindäki “Olimpiýa” stadionynda ýurdumyzyň “Arkadag” futbol

“Barselonanyň” finaldaky garşydaşy belli boldy

09.01.2026
Ispaniýanyň Super Kubogy ýaryşynyň finalynda “Barselonanyň” garşydaşy belli boldy. Ýarym finalyň çäginde geçirilen Madrid derbisinde “Real Madrid” özüniň esasy bäsdeşleriniň biri bolan “Atletikony” 2-1
GitTop