Dark
Light
03.01.2026
mag THE ASHGABAT TIMES

Türkmen halkynyň akyldar şahyry

02.05.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň ady dünýä dolýar.  Geçen ýylda beýik akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde giňden dabaralandyrylmagy hem munuň şeýledigini subut etdi. 

Türkmeniň milli buýsanjy, şygryýet äleminiň çyragy Magtymguly Pyragynyň sagdyn pikirlerinden daýanan, durky bilen päklige ýugrulan ajaýyp pikir-paýhasy türkmeniň ruhy ahwalynyň ýüz görülýän «aýnasyna» öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyny sowgat etmegi bolsa geçen ýylyň şatlykly wakalarynyň birine öwrüldi. Türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratynlykda çap edilen bu kitapda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy, dünýä edebiýatyna goşan ägirt uly goşandy, akyldaryň ömri we döredijiligi barada täsirli jümleler bar.  Bu bolsa, kitaba bolan gyzyklanmany artdyryp, döwrümize mynasyp nesilleri kemala getirmekde gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär.

Bizi buýsandyrýan zatlaryň biri-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçen taryhy ýylda paýtagtymyzyň gözel künjeginde, Köpetdagyň eteginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň we şahyryň beýikligi 60 metr bolan ýadygärliginiň açylmagy, şeýle-de akyldar şahyrymyzyň eserlerini öz içine alýan «Magtymguly» atly kitabyň neşir edilmegi boldy. Bu zatlar her birimizde çäksiz buýsanç we şatlyk duýgusyny döretdi.

Bu gün akyldar şahyryň arzuw eden agzybirligi bagtyýar halkymyzyň öz döwlet Baştutanynyň daşyna berk jebisleşmegi bilen uly many-mazmuna eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredýän ajaýyp eserlerinden ruhlanýan il-günümiz bu gün erkana ýaşap, döredýär, ruhubelent zähmet çekýär.

Hormatly Prezidentimiz il ykbalyny öz ykbalyndan eý gören Magtymguly Pyragynyň umytlara we ynamlara ýugrulan «Berkarar döwlet islärin» diýen arzuwlaryny hasyl edip, il-günümiziň asuda, berkarar Watanda erkana ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Akyldaryň setirlerine siňen arzuw-hyýallar nesilleriň gursagynda ýaşap, ömürlerden – ömürlere ýol ýasady. Ol sözler, setirler bu gün Jeýhun bilen Bahry-Hazaryň arasynda ýaýylyp ýatan ümmülmez giňişlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bolup dowam edýär.

Bu gün parahatlygy, agzybirligi bilen dünýä tanalan türkmen halkynyň öz akyldar şahyryna bolan buýsanjy, guwanjy çäksizdir. Hormatly Prezidentimiziň il-gününe peşgeş beren «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitaby her birimiziň söýüp okaýan eserimize öwrüldi. Öz şygyrlary bilen halkyň öçmez çyragyna öwrülen beýik şahyryň ömri we döredijiligi ýaş nesiller üçin nusgalyk ýoldur.

Türkmen halkyny Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasyna ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

Aýbölek GURBANOWA
Daşoguz welaýatynyň Beki Seýtäkow adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

untitled design 5 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

BMG-niň Ilaty Gaznasy (UNFPA) Türkmenistanda demografiýa boýunça mümkinçilikleri ýokarlandyrmak maksady bilen hyzmatdaşlyk seminaryny geçirdi

1852249e397defdb9e2f6dd9962715f6 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýylymyzyň şygary – köňlümiziň çyragy

Soňkylar Makalalar

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Bilimli ýaşlar – buýsanjymyz

30.12.2025
Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly

Täsin we geň galdyryjy täze ýyl ynançlary

30.12.2025
Biler bolsaňyz, dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikdir süýjüler bilen bezelipdir.
GitTop