Dark
Light
03.01.2026
tgetuec3so8rkkcu0ds0nglsiy07db2x2wsgq1jq scaled THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) bilermenleri bilen duşuşyk geçirildi

15.05.2025

2025-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) bilermenleri Tamara Kutonowa we Jon Marko Çorç bilen Mejlisiň wekilleriniň duşuşygy boldy. 

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda obasenagat toplumynyň we beýleki pudaklaryň sazlaşykly ösüşiniň, daşky gurşawy goramagyň, halkymyzyň amatly durmuş derejesini üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti barada nygtaldy. 

Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, ekologiýa howpsuzlygyna degişli meselelerde parlamentleriň alyp barýan işleri we öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy (UNECE) bilen alyp barýan netijeli hyzmatdaşlygynyň çäginde suw serişdelerini netijeli ulanmak boýunça ýurdumyzyň ençeme halkara resminamalaryna, şol sanda Serhetüsti suw akarlaryny we halkara köllerini goramak we ulanmak boýunça Helsinki şäherinde kabul edilen Konwensiýa goşulmagynyň hem-de ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen milli kanunçylygyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň ähmiýeti barada nytalayp geçildi.

Şeýle hem duşuşykda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen «Tebigaty goramak hakynda», «Agyz suwy hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynyň ýurdumyzyň we sebitleriň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işleriň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny berkitmekdäki ähmiýeti barada aýdyldy. 

Leave a Reply

Your email address will not be published.

sogdiana. samarkand pre ikhshid hephthalite tamgha s2 on the reverse THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Özbekistanda Tapylan “Türk-Kağan” Teňňeleri: Taryhyň Ilkinji Türk Ýazgysy?

asfadasds THE ASHGABAT TIMES
Next Story

CERN alymlary gurşuny altyna öwürmegi başardy

Soňkylar Habar

«FLEX» maksatnamasy Amerika okuwa çagyrýar!

31.12.2025
Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär. «FLEX» ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bilim we medeni maksatnamalar Býurosynyň medeni alyş-çalyş maksatnamasy bolup, Türkmenistanda Halkara bilim boýunça
GitTop