tgitiwp3daxxciieeqkjqwndl3fqyqnrjoiggxsx scaled THE ASHGABAT TIMES

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE TÜRKMEN-EÝRAN PARLAMENTARA DOSTLUK TOPARYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

17.05.2025

2025-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Türkmen-Eýran Parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Eýran Yslam Respublikasynyň Şura Mejlisiň gurluşyk komissiýasynyň çözüjisi jenap Abdoljalal Iriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalarynyň duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda iki dostlukly ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm orny bellenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparlarynyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary netijelere çykmagynda uly ähmiýete eýe bolandygy barada nygtaldy. 

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti nygtaldy hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň bu teklibi goldandygy üçin türkmen tarapy hoşallyk sözlerini aýtdy. 

Söhbetdeşlikde parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň möhüm bölegine öwrülendigi we ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň hereket etmeginiň kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellenildi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň häzirki derejesi, parahatçylygy ilerletmek, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky ynanyşmagy berkitmek, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek işlerinde tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti barada pikir alyşdylar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
anmyq9c1hdnzi2zaz1re8zteeev23s23wcqztvhp THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

allkfqcd2slgyiyulkdochmgphbo6sqmc0xv0itr THE ASHGABAT TIMES
Next Story

TÜRKMEN-EÝRAN PARLAMENTARA DOSTLUK TOPARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Soňkylar Habar

GitTop