THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň orunbasary jenap Han Çžen bilen duşuşdy

23.05.2025

2025-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň orunbasary jenap Han Çžen bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň barşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmeginiň hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň üçünji gezek ykrar edilmeginiň, şunuň bilen birlikde hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli ýurtlar bilen deňhukukly hyzmatdaşlygy, ynamly gepleşikleri we parahatçylykly başlangyçlary ösdürmäge gönükdirilen işjeň we döredijilikli garaýyşlarynyň ähmiýeti barada bellenildi.

Türkmen tarapy iki ýurduň halklaryny gadymyýetden gelýän Beýik Ýüpek ýoly arkaly taryhy kökleriň, medeni we ruhy umumylyklaryň baglanyşdyrýandygyny, häzirki wagtda özara hormat goýmak, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň döwlet ýolbaşçylarynyň tagallalary netijesinde üstünlikli ösdürilýändigini we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi. 

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky giň möçberli, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde iki döwletiň halkara hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyna uly ornuň degişlidigi bellenildi. Bu gatnaşyklaryň bolsa halklaryň arasyndaky dost-doganlygy has-da pugtalandyrmaga, döwletara gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga ýardam edýändigi nygtaldy. 

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
v5tul6uwgbi3vczl2k11jenucxxd0316wzudjoxd THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri XI Newa halkara ekologiýa kongresine wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy

i 10 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Elektroenergiýa üpjünçiligi — abadan ýaşaýyş

Soňkylar Habar

GitTop