Dark
Light
03.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Çao Letzi bilen duşuşygy geçirildi

23.05.2025

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Çao Letzi bilen giňişleýin düzümdäki duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy»  atly Kararnamalarynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti nygtaldy hem-de Türkmenistanyň bu başlangyjyny Hytaý Halk Respublikasynyň goldandygy üçin türkmen tarapy hoşallyk sözlerini aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň meýdançasynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň birek-biregiň öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýandyklary we ýokary derejedäki ýola  goýlan dostlukly gatnaşyklaryň ähmiýeti  aýratyn nygtalyp geçildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň dowamynda iki ýurduň Baştutanlarynyň duşuşygynda dürli ugurlarda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň netijelerine aýratyn ähmiýet berildi. Şunda  «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda parlamentler derejesinde hyzmatdaşlyk etmegiň, şeýle hem geljekde «Merkezi Aziýa – Hytaý» parlamentara geňeşini döretmegiň hem-de «Türkmenistan – Hytaý: zenanlar we ýaşlar» bilelikdäki forumyny geçirmegiň meselelerine seredildi. 

Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berjek Parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmeginiň, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň hem-de parlamentler derejesinde duşuşyklaryň we maslahatlaryň geçirilmegine gönükdirilen bilelikdäki çäreleriň ähmiýeti bellenilip geçildi. 

Duşuşykda hytaý tarapy Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ylym-bilim, saglygy goraýyş, oba hojalygy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmäge taýýardygyny aýtdy.

D.Gulmanowa saparyň çäklerindäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen parlamentara gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini we ony ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Çao Letziniň 2025-nji- Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek halkara çärelere gatnaşmagyna umyt bildirýändigini belläp geçdi. 

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1234 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýurduň çäklerinde Mallary Belgilemek we Olary Yzarlaýyş boýunça Milli Ulgamy Düzmek boýunça FAO-nyň NAITIS Taslamasynyň resmi taýdan işe girizilmegi

gfzv2gbmvq8qvenfemie2tatptf0o1rdrhyr9wby THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Hytaý Halk Respublikasynyň Sun Sinlin adyndaky Ýaşlar, ylym we tehnologiýa alyş-çalyş merkezinde boldular

Soňkylar Habar

«FLEX» maksatnamasy Amerika okuwa çagyrýar!

31.12.2025
Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär. «FLEX» ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bilim we medeni maksatnamalar Býurosynyň medeni alyş-çalyş maksatnamasy bolup, Türkmenistanda Halkara bilim boýunça
GitTop