Dark
Light
25.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Prezidenti “PETRONAS” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

15.05.2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tan Şri Tengku Muhammad Taufigi kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, amatly maýa goýum ýagdaýy we işewürlik üçin ähli şertler döredilen Türkmenistanda iş alyp barmagyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny aýtdy. Şunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykarylýandygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, onuň ýurdumyza saparynyň dowamynda geçirjek duşuşyklarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi we olaryň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Ýokary derejede yzygiderli guralýan saparlar gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň dekabrynda Malaýziýa amala aşyran resmi saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi we saparyň dowamynda “PETRONAS” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen geçiren gepleşikleriniň netijeleriniň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga goşmaça itergi berjekdigine, ony hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Malaýziýa bilen ykdysadyýet, söwda, ulag, energetika, bilim, medeniýet ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Söwda-ykdysady ulgam türkmen-malaý gatnaşyklarynyň möhüm ugrudyr. Bu ulgamda Malaýziýanyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy. Şunda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürmekde “PETRONAS” kompaniýasynyň orny aýratyn bellenildi.

Söhbetdeşler ýangyç-energetika pudagyny iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezdiler. Döwlet Baştutanymyz kompaniýanyň 30 ýyla golaý wagtyň dowamynda Türkmenistanda uglewodorod serişdelerini çykarmak boýunça taslamalara işjeň gatnaşýandygyny, nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda degişli işleri alyp barýandygyny belläp, ýurdumyzyň hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmäge gönükdirilen anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy köpýyllyk gatnaşyklaryň dowamynda bildirilen ýokary ynam üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan etdi hem-de bu düzümiň öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryna mundan beýläk-de ygrarly boljakdygyna ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow netijeli hyzmatdaşlygyň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, “PETRONAS” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tan Şri Tengku Muhammad Taufige iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

Сверхтонкому-iphone-17-air-предсказали-ту-же-печальную-судьбу,-что-и-iphone-mini-с-iphone-plus
Öňki taryh

iPhone 17 Air-iň iPhone mini we iPhone Plus bilen meňzeş ykbaly bolup biler

egkxnbbpw1tmopcjpunwle0iretncjtqgh7hsbqr THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop