img 20250523 165212 THE ASHGABAT TIMES

Weterinariýa gullugynyň wekilleri BOMCA maksatnamasynyň çäginde geçirilen “Okuw sapaklaryny geçirmegiň döwrebap usullary” atly okuw maslahatyna gatnaşdylar

24.05.2025

Şu gün “Arçabil” myhmanhanasynda Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasynyň (BOMCA-10) çäginde 2025-nji ýylyň 21–23-nji maýy aralygynda geçirilen “Okuw sapaklaryny geçirmegiň döwrebap usullary” atly okuw maslahaty üstünlikli tamamlandy. Bu okuw maslahaty işgärler üçin sapak berýän mugallymlar hem-de ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işgärleri üçin guraldy.

img 20250523 195337 1 THE ASHGABAT TIMES

Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa we karantin gullugynyň wekilleri, Serhet we Içeri işler ministrlikleriniň institutlarynyň mugallymlary, Gümrük gullugynyň Okuw merkeziniň, Migrasiýa gullugynyň okuw bölüminiň hem-de Oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary gatnaşdylar.

Üç günlük okuw maslahatynda halkara hünärmeni hökmünde Kazakowa Ýuliýa Aleksandrowna çykyş etdi. Okuw maslahatyň esasy maksady – gatnaşyjylaryň bilim we başarnyklaryny ýokarlandyrmak, häzirki zaman okuw usullary arkaly okatmagyň netijeliligini artdyrmak, diňleýjileriň höwesini we işjeňligini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.

Okuw maslahatyň jemleýji böleginde we netijeleriň jemlenilişinde, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň Halkara we ylmy aragatnaşyklary bölüminiň başlygy Arslan Soltanmyradow çykyş etdi. A.Soltanmyradow çykyşynda okuw maslahatyň esasy maksadynyň gatnaşyjylary toparlaýyn dinamika ösüşiniň kanunlary, bilim gurşawyny dolandyrmagyň täsirli usullary we okalýanlaryň höweslendirmesini (motiwasiýasyny) döretmek we goldamak boýunça bilim bermekden ybaratdygyny belledi. Okuw maslahatda häzirki zaman bilim tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy aýratynlyk hökmünde nygtaldy. Bu usullaryň ulanylmagy okuw prosesini diňe bir janlandyrman, eýsem onuň amaly ähmiýetini hem ýokarlandyrýar. Gatnaşyjylaryň alnan bilimleriniň hünär derejesiniň ösmegine hem-de ýurdumyzyň hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna hyzmat etjekdigine berk ynam bildirdi.

Türgenleşigiň wezipeleri:

– Toparyň dinamiki ösüş kanunlary we olary dolandyrmak usullary bilen tanyş etmek;

– Bilim gurşawyny döretmegiň gurallary bilen tanyş etmek;

– Okaýanlaryň (diňleýjileriň) höweslendirmesini (motiwasiýasyny) döretmek we dolandyrmak şertleri bilen tanyş etmek.

Türgenleşikden garaşylýan netijeler:

– Okuw görnüşleri we usullary bilen tanyş bolmak;

– Toparyň dinamiki ösüşiniň kanunlaryny bilmek;

– Okaýanlaryň höweslendirmgiň (motiwasiýasynyň) görnüşlerini bilmek.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
i 8 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýurdumyzda telekommunikasiýalar pudagynyň ösüşi

6lagigagc5n9jbiezfedao6cluvacgp5uioqiruk THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Merkezi Aziýanyň parlamentara hyzmatdaşlygy platformasynyň Durnukly önümçiligi we sarp edişi ösdürmek üçin sirkulýar ykdysadyýet boýunça köptaraplaýyn maslahatyna we ilkinji dialogyna gatnaşdy

Soňkylar Habar

GitTop