i 10 THE ASHGABAT TIMES

Elektroenergiýa üpjünçiligi — abadan ýaşaýyş

23.05.2025

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli senagatlaşdyrmak maksatnamalaryna laýyklykda, iri senagat kärhanalarydyr ýaşaýyş jaý toplumlary guruldy we gurluşyklary dowam edýär. Durmuş-hojalyk, beýleki maksatly köp sanly desgalar ýaly, bu önümçilik we ýaşaýyş jaý toplumlary hem elektrik energiýasy bilen ygtybarly, bökdençsiz üpjün edilmegi talap edýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu möhüm pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak hem-de pugtalandyrmak boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanda elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň degişli Konsepsiýasyna laýyklykda, Diýarymyzyň ähli künjeginde dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman gaz turbinaly elektrik stansiýalary, ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlar, paýlaýjy elektrik beketler bina edildi we işe girizildi. Paýtagtymyzyň we beýleki şäherleriň, ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik ulgamlary täzelenildi. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işleriň çäklerinde soňky ýyllarda onuň düzüminiň üsti gaz turbinaly elektrik beketler, şol sanda Aşgabatda, Ahal, Balkan, Lebap, Daşoguz welaýatlarynda gurlan elektrik beketler bilen ýetirildi.

Ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdeleriniň öndürilmegine uly üns berilýär. Täze tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak esasynda milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly Türkmenistan häzirki döwürde bu ugurda işjeň syýasaty alyp barýar. Bu syýasatyň esasynda ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarynda birnäçe ýaşaýyş jaý toplumlary gurulýar we elektrik energiýasy bilen ygtybarly, bökdençsiz üpjün edilýär.

Binalaryň gurluşygynda we täzeden dikeldilmeginde energiýany tygşyt ediş syýasatyny geçirmek örän ähmiýetli meseledir. Ýylylyk üpjünçiliginiň iň täsirli usuly teplofikasiýasydyr, ýagny ÝEM-de döredilen ýylylygyň we elektrik energiýanyň esasynda merkezleşdirilen ýylylyk üpjünçiligidir. Teplofikasiýada esasy energetiki täsir, elektrostansiýalarda işlenen ýylylygy ulanmakdyr. Bu usul ýylylygyň daşky gurşawa ýitirilmeginiň we onuň hapalamagynyň öňüni alýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we düýpli döwrebaplaşdyrmak, bu pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksada gönükdirilen işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işler milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, onuň durnukly ösüşini, ýurdumyzda senagatlaşdyrmagy çaltlandyrmagy, sebitleriň okgunly ösüşini, ata Watanymyzyň halkara energoulgamyna sazlaşykly birleşmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Jumageldi GURBANGELDIÝEW
Türkmenistanyň Döwlet energetika

institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
aakqipyepi5h6jssxfrble289glhawnzzqiixalg THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň orunbasary jenap Han Çžen bilen duşuşdy

i 8 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýurdumyzda telekommunikasiýalar pudagynyň ösüşi

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop