Şu gün, 22-nji iýunda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy.
Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahal welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Soňra meşhur estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde birnäçe aýdym aýdyldy, tans we folklor toparlarynyň çykyşlaryna tomaşa edildi.

Öýlän medeni çäre Änew şäherindäki Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Milli Ak bugdaý muzeýinde dowam etdi. Bu ýerde «Halkymyzyň medeni mirasyny toplamakda, gorap saklamakda we olary ylmy esasda öwrenmekde muzeýleriň orny» atly ýurdumyzyň muzeý hünärmenleriniň usuly okuw-maslahaty geçirildi hem-de muzeý gymmatlyklarynyň, amaly-haşam sungatynyň eserleri ýaýbaňlandyryldy.
Soňra Medeniýet hepdeligi Kaka etrabynyň medeniýet öýünde Ahal welaýatynyň halk teatrlarynyň, drama toparlarynyň, teatr studiýalarynyň döredijilik işgärleriniň usuly maslahaty, şeýle hem Kaka etrabynyň halk teatrynyň «Şükür bagşy» atly sahna oýnunyň görkezilişi bilen dowam etdi.
Medeniýet hepdeliginiň çäginde soňra Änew şäherindäki medeniýet öýünde Ahal welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň we çagalar sungat mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda bolan konsertde ýaňlanan aýdymlar tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.
«THE ASHGABAT TIMES».