Dark
Light
24.01.2026
arkadag sahero THE ASHGABAT TIMES

Arkadag şäheri – aklyk şäheri

26.06.2025

Arkadag şäheri —  türkmen topragynda durmuşyň haýran galdyryjy derejede öňe gidýändiginiň, guwandyryjy ösüşlerimiziň aýdyň güwäsi. Sebitde deňi-taýy bolmadyk bu şäher türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik paýhasyndan kemal tapdy. Köpetdagyň eteginde seleňläp oturan täze şäheriň birinji tapgyrynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berlenine 2 ýyl doldy.

Mälim bolşy ýaly, gurýan, döredýän döwlet kuwwatlydyr. Bu düşünje täze döwrüň gurmak ýolunyň, häzirki zamanyň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýän binagärlik sungatynyň aýdyň beýanydyr. Ol ruhy-medeni gymmatlyklarymyz ýaly, beýik döwrüň aýdyň keşbini özünde şöhlelendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasy döwrüň ruhuna kybap derejede durmuşa geçirilýär. Döwrümiziň buýsanjyna öwrülen Arkadag şäheri hem täze keşbi, gözel görki bilen nur saçýar.

Arkadag şäheri ― aklyk şäheri. Ol ýurdumyzda, hatda tutuş sebitde amala aşyrylýan iň iri innowasion şähergurluşyk taslamasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň keşbini özünde jemleýän, ösüşlerimiziň altyn şuglasyny alamatlandyrýan bu şäher halkymyzyň dil senasy, köňül kelamydyr.

Gandym WELLEKOW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň işgärleriň işi boýunça hünärmeni.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

cagalar THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Çagalaryň gülküsi – şatlygyň sesi

arkadag kitapp THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Watany söýmek – ömrüň manysy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop