Şu gün, 11-nji iýunda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda «Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän bu iri halkara sergä dünýäniň meşhur dizaýnerleri, tekstil ugrunda iş alyp barýan kompaniýalar, belli moda brendleri, şeýle hem bu ugurlarda iş alyp barýan ýerli işewürler öz önümlerini görkezýärler, hyzmatlaryny hödürleýärler.
Bu halkara sergi-ýarmarkada türkmenistanlylary we halkara jemgyýetçiligi ýurdumyzyň dokma senagatynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitleri, dokma kärhanalarynyň iň täze önümleridir tehnologiýalary bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik döredilendir. Sergi-ýarmarkanyň ekspozisiýalarynda diňe bir içerki bazar üçin däl, eýsem, eksporta niýetlenen ýüpek matalar, lybaslar we beýleki dokma önümleri hem bar.
Serginiň dowamynda dürli duşuşyklar, meşhur dizaýnerleriň we modelýerleriň ussatlyk sapaklary (master klasslary) hem guralar. Sergi öz işini 13-nji iýuna çenli dowam eder.
«THE ASHGABAT TIMES».