Dark
Light
08.01.2026
migrasi THE ASHGABAT TIMES

Aşgabatda mig­ra­si­ýa bo­ýun­ça halkara maslahat geçirildi

13.06.2025

2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda paý­tag­ty­myz­da­ky «Ýyl­dyz» myh­man­ha­na­syn­da «Pa­ra­hat­çy­lyk, dur­nuk­ly ösüş we mig­ra­si­ýa» atly hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ri­ldi. Oňa Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň bä­şi­sin­den mig­ra­si­ýa bo­ýun­ça iş alyp bar­ýan döw­let dü­züm­le­ri­niň, şeý­le-de bu ba­bat­da se­bit­de öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­re eýe bo­lan Rus­si­ýa­dan, Azer­baý­jan­dan, Eý­ran­dan, Tür­ki­ýe­den we­kil­le­r gatnaşdylar.

migrasiya THE ASHGABAT TIMES

Hal­ka­ra mas­la­hatda mig­ra­si­ýa me­se­le­si­ne çe­me­leş­me­de, mig­rant­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny go­ra­mak­da, eko­lo­gik dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­mek­de pa­ra­hat­çy­lyk we öza­ra hor­mat goý­mak ýö­rel­ge­le­ri­ni iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mek ýa­ly mö­hüm ugur­da pi­kir alyş­ma­la­ra giň orun ber­lip, se­bit döw­let­le­rin­de top­la­nan tej­ri­be­le­riň ne­ti­je­le­ri­ne ga­ral­dy, gel­je­giň nuk­daý­na­za­ryn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li anyk çä­re­ler ha­kyn­da söh­bet edil­di.

«Pa­ra­hat­çy­lyk, dur­nuk­ly ösüş we mig­ra­si­ýa» at­ly hal­ka­ra mas­la­hat­da aý­ry-aý­ry mow­zuk­la­ra ba­gyş­la­nan çy­kyş­la­ry diň­le­mek bi­len bir­lik­de, mig­ra­si­ýa işi­ne de­giş­li has in­çe me­se­le­ler ha­kyn­da iç­gin pi­kir alyş­ma­ga hem müm­kin­çi­lik dö­re­dil­di. Bu bol­sa fo­ru­ma bi­ler­men hök­mün­de ça­gy­ry­lan myh­man­la­ryň we­kil­çi­lik ed­ýän ýurt­la­ryn­da şah­sy­ýe­ti kes­git­le­mek­den baş­lap, res­mi­na­ma­la­ry taý­ýar­la­mak, se­bit­de ra­ýat­syz­ly­gyň so­ňu­na çyk­mak ba­bat­da edil­ýän ta­gal­la­lar, ka­nu­ny we ka­nu­ny däl mig­ra­si­ýa, eko­lo­gik ýag­daý­la­ryň bu yn­san­per­wer ul­ga­ma ýe­tir­ýän tä­si­ri, elekt­ron wi­za ul­ga­my­ny or­naş­dyr­mak ýa­ly me­se­le­le­riň örän giň top­lu­my bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­re syn ber­mä­ge, bi­le­lik­de he­re­ket et­me­giň anyk ýol­la­ry­ny kes­git­le­mä­ge ýar­dam ber­di.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

yas alymm THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýaş alymlar sylaglandy

c6ce454938dff27c013724e5ca39a413 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sanly ykdysadyýet – täze ulgamyň uly geljegi

Soňkylar Habar

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

06.01.2026
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Size täze ýylda berk jan saglyk, bagtyýarlyk arzuw edýärin. Mohammed VI,Marokkonyň Patyşasy. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Size
GitTop