Ýakynda Aşgabadyň «Garaşsyzlyk» seýilgähinde «Parahatçylyk we ynanyşmak marafony» ady bilen köpçülikleýin ylgaw ýaryşy geçirildi. Oňa paýtagtymyzyň dürli ýaşdaky ýaşaýjylary we myhmanlary, türgenler, daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar.
Bu çäre Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Ýewropanyň gününe bagyşlandy. Ony Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Aşgabat şäher häkimligi hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzdaky wekilhanasy bilelikde guradylar.
«Parahatçylyk we ynanyşmak marafonyna» sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdarlarynyň 500-den gowragy gatnaşdy. Köpçülikleýin ylgawa gatnaşyjylar ukyp-başarnyklaryna esaslanyp, dürli aralyga uzaýan 3 ugur boýunça özara bäsleşdiler. 2 kilometrlik menzilde, esasan, çagalar we ýetginjekler ulularyň bilelikde goldamagynda özleriniň başarnyklaryny görkezdiler. 5 kilometrlik menzil boýunça ýaryşa köp sanly gatnaşyjylar goşuldylar. 10 kilometrlik ylgawa, esasan, türgenlerdir özleriniň güýjüni hem-de başarnygyny synamak islän ýaşlar gatnaşdylar.
Pellehanadan geçen her bir gatnaşyjy ýaryşyň simwolik medalyna mynasyp boldy. Şeýle hem bellenen aralyklara ilkinji bolup gelenlere ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Marafonyň çäklerinde birnäçe aň-bilim, medeni we sport çäreleri hem guraldy.
«THE ASHGABAT TIMES».