Dark
Light
03.01.2026
okuwcy ya THE ASHGABAT TIMES

Bagtdan paýly bagtyýar nesil

26.06.2025

Ýaş nesiller döwletimiziň we dünýäniň geljegi, bagtyýar durmuşymyzyň görki, maşgala binýadynyň örki hasaplanylýar. Eziz Watanymyzyň şöhratly sene ýazgysyndaky beýik başlangyçlarda, şanly özgertmelerde, rowaçlygyň ýolundaky ynamly ädimlerde türkmen ýaşlarynyň hem mynasyp paýy bar.

Ýurdumyzda ýaş nesliň ýokary derejede bilim-terbiýe almagy bilen birlikde, tomusky we gyşky dynç alyş möwsümlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan hem-de manyly geçirmekleri üçin hem ähli şertler döredilendir. Dünýäni haýrana goýýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Gökdere jülgesinde hem-de ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde ýerleşýän sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalarymyzyň müňlerçesi dynç alyp, öz saglyklaryny berkidýärler. Şu günlerde bolsa ýaş nesiller tomusky dynç alyş möwsüminde çagalyk dünýäsiniň iň ajaýyp pursatlaryny başdan geçirip, täze güýç bilen täze okuw ýylyna taýýarlanýarlar.

Ýaşlar biziň ertirki günümizi kesgitleýändirler. Nesil hakyndaky alada geljege ädilen batly gadam, bagtyýar geljegimizdir. Sagdyn, ruhubelent, edepli-ekramly nesilleriň ýörejek nurana ýollary şu günki beýik işler bilen binýat bolýar. Çagalarymyzyň zähmetsöýer, maksada okgunly bolup ýetişmegini gazanmak hem özümize baglydyr. Biziň öňümizde ösüp gelýän ýaş nesliň arasynda ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da rowaçlandyrmak, olarda watanperwerligi, zähmetsöýerligi terbiýelemek ýaly möhüm wezipeler dur. Munuň üçin biz gujur-gaýratymyzy gaýgyrmarys.

Roza SAPAROW,
TMÝG-niň Darganata etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

medeniyet hepdeligi 25 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ru­hy joş­gu­nyň baýramy

yaslar taze 11 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Eziz Watanymyzyň nurana geljegi

Soňkylar Makalalar

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Bilimli ýaşlar – buýsanjymyz

30.12.2025
Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly

Täsin we geň galdyryjy täze ýyl ynançlary

30.12.2025
Biler bolsaňyz, dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikdir süýjüler bilen bezelipdir.
GitTop