Dark
Light
12.01.2026
72c59d7242df12867cae77818790360a 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES

Bedew bady bilen özgerýän ýurdumyz

06.06.2025

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygyndan rowaç alyp, bedew bady bilen şöhratly geljege tarap öňe barýan Garaşsyz Türkmenistan bu gün ata-baba arzuw-yhlaslary siňen Garaşsyz döwletde asuda asmanyň astynda parahat durmuşda ýaşaýar. Bu gün halkymyzyň erkanalyk, garaşsyzlyk duýgulary Watan ykbaly bilen sazlaşyp, bagtyýar geljege röwşen nuruny saçýar. 

 Hormatly Prezidentimiziň, döwletimiz Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin giň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dowam etjekdigine bil baglaýar. Şol bir wagtda, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatdaky Gün tertibiniň degişli derejede maliýeleşdirilmegini üpjün etmek meselesiniň üns merkezidne saklanmagy esasy ugur hasaplaýar. Çünki, häzirki wagtda durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ählumumy, sebitleýin hem-de milli gurallaryň iş ýüzünde utgaşdyrylmagy wajyp şertleriň hatarynda kesgitlenilýär.

     Ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynda gazanýan üstünliklerine şeýle hem,  dünýädäki we sebitdäki ýagdaýlara strategik taýdan baha bermekde ylmy we seljeriş usullarynyň, halkymyzyň gadymdan gözbaşyny alyp gaýdýan milli däpleriniň hem-de ýörelgeleriniň uly ähmiýeti bardyr.

  Bilşimiz ýaly, islendik döwletiň halkara hukugynyň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan halkara gatnaşyklarynyň onuň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, milli ykdysady ösüşine, halkyň hal-ýagdaýyna täsir edýän esasy şert bolup çykyş edýändigini dünýä tejribesi tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ynsanperwer syýasatynyň oňyn netijesine ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünlikleriň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar.

Goý, bagtyýar halkymyzy bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Taryh üçin gysga döwürde Watanymyzyň ýeten derejesine, üstünliklerine sebäp bolýan Hormatly Prezidentimiziň ýeňil bolmadyk işleri elmydama üstünliklere beslensin!

Ýakupbeg GARRYGULOW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

355536a5596d28a15a6fd2f80c7bb3f3 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sport – sagdynlygyň we ruhubelentligiň nyşany

italyan kom THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabatda italýan kompozitorynyň saz agşamy geçirildi

Soňkylar Makalalar

Bedew batly ösüşleriň mekany

10.01.2026
Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Ýyllaryň atlary bolsa döwletli Diýarymyzyň taryhy tutumlary, halkymyzyň belent maksatlary, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri
GitTop