Mälim bolşy ýaly, sanly ulgam arkaly 4-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýanwar — maý aýlarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu mejlisde beýan edilen maglumatlar jemi içerki önümiň bäş aýdaky görkezijileri ykdysady ösüşiň ýokary we durnuklydygyny tassyklaýar. Bu bizi buýsandyrýar hem-de täze üstünliklere ruhlandyrýar, şu günümiziň we geljegimiziň beýikdigini ykrar edýär.
Şeýlelikde, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,7 göterime deň boldy. Jemi içerki önümiň jan başyna düşýän möçberi boýunça Türkmenistanyň girdejisiniň orta derejeden ýokary bolan ýurtlaryň hatarynda bolmagy, ilkinji nobatda, salgyt-býujet, pul-karz we maýa goýum syýasatynyň netijeli amala aşyrylýandygyny görkezýär. Bu bolsa pudaklaryň durnukly ösüşini üpjün edýär.
Şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak boýunça maksatnamalaýyn we çuňňur oýlanyşykly çözgütleriň kabul edilmegi ykdysadyýetiň hemmetaraplaýyn, okgunly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar. Makroykdysady durnuklylygy üpjün etmek, bazar ykdysadyýeti şertlerinde bäsdeşligi höweslendirmek we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 16,3 göterim artdy. Şu ýyl ykdysadyýete jemi 40,1 milliard manat möçberinde maýa goýumlar gönükdiriler. Goýumlaryň möçberi jemi içerki önümiň 40 göteriminden geçýär. Onuň 15 göterimine çenli möçberi daşary ýurt maýa goýumlarynyň, galan bölegi bolsa döwlet hem-de hususy maýa goýumlaryň paýyna düşýär. Umuman, ýurdumyzyň ösüşinde gazanylýan üstünlikler hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň bellenilýän şanly ýylynda il-ýurt bähbitli we tutumly işleriň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenjekdigini, bagtyýar günleriň dowamat-dowam boljakdygyny görkezýär.
Enejan GURBANOWA,
TDP-niň Hojambaz etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.