i 15 THE ASHGABAT TIMES

Bilimli ýaşlar — ýurduň geljegi

05.06.2025

 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty dost-doganlyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine gönükdirilendir. Şol sebäpli, täze eýýamda dünýä dillerini kämil derejede bilmek ilkinji nobatdaky mesele bolup orta çykýar. Häzirki döwürde ýaş nesliň diňe bir türkmen dilini däl, eýsem, birnäçe daşary ýurt dillerini öwrenmegini gazanmak maksady bilen, ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.

Dilleri öwrenmegiň häzirki döwürde ýurduň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde hem ähmiýeti örän uludyr. Daşary ýurt dillerini, aýratyn hem iňlis, rus, fransuz, nemes, hytaý dillerini oňat özleşdirip bilmegiň özi ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny öz wagtynda özleşdirmäge mümkinçilik döredýän esasy şertleriň biridir.

     Häzirki wagtda daşary ýurt dillerini bilmezden kämil derejeli hünärmen bolup ýetişmek mümkin hem däl. Çünki üçünji müňýyllyk adamzat taryhynda ylym-bilimli we tehnikanyň örän çalt depginler bilen ösýän zamanasy boldy. Ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy tilsimatlary bilen öz wagtynda tanyş bolmazdan, döwrüň talap edýän hünärlerine eýe bolmak asla mümkin däl. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýratyn tagallalary bilen, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy döwrüň ösen talaplaryna laýyk derejede toplumlaýyn we sazlaşykly ösdürilýär. Bilim ulgamyndaky özgertmeleriň oňyn netijeleri ýurdumyzyň ykdysady we medeni ösüşlerinde, halkymyzyň intellektual derejesiniň artmagynda has-da aýdyň görünýär.

 Hormatly Prezidentimiz ylymly-bilimli, dünýä dillerini suwara bilýän ýaşlary kemala getirmegi bilim işgärleriniň öňünde esasy wezipe edip goýýar. Ylym-bilimi ösdürmek, ony kämil derejede ele almak meselesinde hormatly Prezidentimiz ýaşlara uly ynam bildirip, olary belent wezipelere borçlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň röwşen geljegini hem-de halkymyzyň nurana, ýagty ertirlerini gurmakda, ylym-bilimi özleşdirmekde we döwrebap ösdürmekde uly işleri amala aşyrýar.

     Ata-babalarymyz dil bilmegi döwletlilikden, agzybirlikden hem dostlukdan nyşan hasaplapdyrlar. «Adam akyllysy dil öwrener», «Dil baýlygy – il baýlygy», «Dil döwletdir», «Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam», «Dil ylymlaryň gönezligi»  ýaly ençeme pähimler döredilipdir. Daşary ýurt dillerini bilmek, ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryny tiz özleşdirmek döwür bilen deň gadam urmakdyr. Şonuň üçin hem, hormatly Prezidentimiziň häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň üç dili hökman bilmekleri baradaky talaby örän ýerliklidir.

     Ýaş nesliň ýörite bilimli, ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri, şol sanda dil öwrenmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!

Aýbölek GELDIMYRADOWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
94a8a6d433926d60c66f31edcce3fa2d 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Belent ösüşleriň we üstünlikleriň ýyly

i 13 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçilikleri

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop