Dark
Light
27.12.2025
i 11 THE ASHGABAT TIMES

Bitaraplyk – parahatçylyk binýadymyz

02.06.2025

Eziz Diýarymyz Bitaraplyk syýasatyna ygrarlydygyny subut edip, dünýäde parahatçylygy we dostlugy dabaralandyrmaga işjeň goşant goşýar.  Türkmen halkynyň çuňňur taryhy köklere esaslanýan Bitaraplyk hukuk binýady öçmejek şamçyraga öwrülip, bu günki günde halkymyzyň edebi we medeni mirasynda hem öz şöhlesini bütin dünýä ýüzüne saçýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ” ýylynda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan parasatly daşary syýasaty netijesinde ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesi yzygiderli ýokarlanýar. 

Ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgesi parahatçylygy kepillendirýän uly güýçdir. Bitaraplyk syýasatyndan gelip çykýan ýörelgeler dünýä ýüzünde parahatçylygy, halklaryň dostlugyny we agzybirligini öňe sürýär. Parahatçylygyň we ynanyşmagyň adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly düşünjeler bolmak bilen, döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwürýär. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe sürýän başlangyçlary, teklipleri möhüm meseleler babatda halkara derejelerinde alnyp barylýan gepleşikleriň yzygiderli ilerlemegine badalga berýär. Şeýle hem dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylyp, hyzmatdaşlyklaryň has-da ösdürilmegine mümkinçilik döredýär.

Bu gün türkmen halky ata-babalarymyzyň asyrlar boýy arzuw edip gelen, beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň «Gurdugym aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr, Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy» diýip, ruhy taýdan esaslandyran berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän geljegi nazarlaýan oňyn başlangyçlarynyň düýp esasynda halkymyzyň wagyz edýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, açyklyk ýaly asyrlarboýy türkmen halkynyň ganyna siňen ýörelgeleri ýatyr.

Türkmenistan döwletimiz Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolup, halkara gatnaşyklarynyň parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň her bir gününi möhüm wakalara we üstünliklere besleýän agzybir, zähmetsöýer halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna zähmet üstünlikleri bilen barýar.

Akjagül ÝOLDAŞOWA
Daşoguz welaýatynyň Beki Seýtäkow adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ipcs2vqdgttouigwitg9ylcyqaknxquupej8wd45 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň Başlygy bilen duşuşygy

lager 2bas 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Çagalar tomusky dynç alyş möwsümine ugradyldy

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop

Don't Miss