bugday 23 THE ASHGABAT TIMES

Bugdaý oragy gyzyşýar

11.06.2025

Häzirki wagtda oba hojalyk işleriniň möhüm tapgyry bolan şu ýylyň bugdaý oragy möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Onuň netijeleri halkymyzyň azyk bolçulygyny üpjün etmekde ekerançylaryň ýene-de bir möhüm goşandy, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesine mynasyp sowgat bolar.

Türkmen halkynyň iň gadymy ekerançylyk medeniýetiniň düýbüni tutujy halklaryň biridigini bellemek gerek. Muny ýüze çykarylan köp sanly arheologik tapyndylar hem aýdyň tassyklaýar. Müňýyllyklaryň dowamynda halkymyz özüniň baý we döwrüň synagyndan geçen ekerançylyk tejribesine daýanyp, bugdaýyň bol hasylyny ýetişdiripdir. Şunuň bilen baglylykda, eýýäm 4-nji iýunda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylary orak möwsümine girişdiler. Şu gün ― 11-nji iýunda bolsa bu jogapkärli işe Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň ekerançylary hem goşulýarlar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ylmy esasda toplumlaýyn ösdürmäge we ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň girdejililigini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oba hojalyk syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet ýeňillikleriniň dürli görnüşleri, şol sanda önümçilik harajatlaryny azaltmaga gönükdirilen ýeňillikler berilýär. Bularyň ählisi «Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda», «Däneçilik hakynda», «Pagtaçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki hukuk namalary bilen berkidilendir.

Şu ýylky degişli möwsümde bugdaý orujy kombaýnlar, döwrebap, ýokary öndürijilikli tehnikalar işlediler. Olary dolandyrýanlar tejribeli mehanizatorlardyr. Möwsümde göçme mehaniki-abatlaýyş toparlary gije-gündizleýin esasda bugdaý orujylaryň tehnikalaryny zerur bolan ýangyç, çalgy ýaglary, ätiýaçlyk şaýlary we hyzmatlar bilen üpjün ederler. «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň barlaghanalary hem doly taýýarlyk ýagdaýynda bolup, gullugyň hünärmenleri iň döwrebap enjamlaryň kömegi bilen gelip gowuşýan bugdaý hasylynyň hilini dessin kesgitlärler.

Aýgözel ROZYÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Halaç etrap komitetiniň esasy hünärmeni.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
5 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Üzeyir Hajybeýliniň zehini we Türkmenistanda halanýan “Arşin Mal Alan”

ykdysadyyet THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Beýik ösüşleriň döwri

Soňkylar Habar

GitTop