Dark
Light
24.01.2026
cagalar THE ASHGABAT TIMES

Çagalaryň gülküsi – şatlygyň sesi

25.06.2025

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Türkmenistan döwletimiz bütin dünýäde bagtly, bagtyýar çagalaryň mekany hökmünde ykrar edilýär.

Çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň şahsyýet hökmünde kemala gelmegi hem-de ukyp-başarnyklaryny doly açmagy üçin şertleriň döredilmegi döwlet Baştutanymyzyň Watanymyzyň, halkymyzyň röwşen geljegi ugrundaky uly tagallalarynyň baş maksadydyr. Şunda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýany tassyklap, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň biri bolan ÝUNISEF bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip gelýär we özüniň ýaşajyk raýatlary üçin oňyn durmuş şertlerini üpjün etmekde ýokary jogapkärçiligini görkezýär.

Ýurdumyzda ýaş nesliň ýokary derejede bilim-terbiýe almagy bilen birlikde, tomusky we gyşky dynç alyş möwsümlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan hem-de manyly geçirmekleri üçin hem ähli şertler döredilendir. Bagtyýar çagalar meşhur «Gökdere» jülgesinde hem-de ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde ýerleşýän sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde tomusky dynç alşynyň hözirini görýärler. Olar döwrebap merkezlerde dynç alyp, saglyklaryny berkidýärler, çagalyk dünýäsiniň iň ajaýyp pursatlaryny başdan geçirýärler.

Halkymyzyň, şol sanda ýaş nesliň sagdyn durmuşynyň üpjün edilmegini döwlet syýasatynyň özenine öwren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Goý, bagtyýar çagajyklarymyzyň şadyýan gülki sesleri hemişe belentden ýaňlansyn!

Şahnoza GAPBAROWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

mgoqrbzlxla7xlzzbd6cf1tjldnpxakvfcfknni0 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

arkadag sahero THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Arkadag şäheri – aklyk şäheri

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop