tebigat bas THE ASHGABAT TIMES

Daşky gurşawyň saglygy — nesilleriň baýlygy

05.06.2025

Daşky gurşawy goramak meselesi dünýä derejesinde iň köp üns berilýän we wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň köpüsiniň daşky gurşaw meselesi bilen baglanyşykly bolmagy häzirki zaman dünýäsinde bu meseläniň ähmiýetinden habar berýär. Şoňa görä-de, her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bellenilýär.

Dünýä döwletleri tarapyndan daşky gurşawy goramak syýasatlary durmuşa geçirilýär we halkara guramalary bilen bilelikde bu ugurda iri taslamalar amala aşyrylýar, alymlar bolsa adamzadyň daşky gurşawa täsirini peseltmegiň ýollaryny gözleýärler. Bu işleriň netijelerini biz gündeki durmuşymyzda hem görüp bileris. Önümleriň daşynda «ekologiýa taýdan arassa», «tebigy şertlerde dargaýan» ýa-da «gaýtadan işlenilen» ýaly belgiler, köçelerde bolsa zir-zibiliň dürli görnüşlerini aýratynlykda ýygnamak we gaýtadan işlemek üçin bölünen bedreler peýda boldy. Diýmek, daşky gurşaw meselesi gündelik durmuşdan başlap, iri senagat toplumlarynyň işleýşine, hatda tutuş döwletleriň ykdysadyýetlerine çenli täsirini ýetirýär.

Ýeriň ozon gatlagynyň ýukalmagy hem howanyň hapalanmagy bilen baglanyşyklydyr. Bu hadysa bilen Ýer şaryna siňýän radiasiýanyň mukdary artýar, munuň bolsa ekologiýa ýetirip biljek täsiri mälimdir. Bu meseläni çözmek üçin 1987-nji ýylda Monreal protokoly işlenilip düzüldi. Bu halkara ylalaşygyň netijesinde ozon gatlagynyň 2045-nji ýyla çenli doly derejede dikelmegine garaşylýar. Ýeri gelende bellesek, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna «EcoPorts» güwänamasynyň berilmegi Hazar deňziniň ekologiýa deňagramlygyny üpjün etmekde ýurdumyzyň goşandynyň uludygynyň halkara derejesindäki ykrarnamasydyr.

Daşky gurşaw meseleleri giň, düýpli we özara baglanyşykly bolmak bilen, olara garşy göreş şahsy, hojalyk, edara, döwlet we halkara derejesinde hereketi talap edýär. Ata Watanymyzyň tebigatynyň baýlygyny hem-de gözelligini aýawly saklamak, artdyrmak, geljekki nesillere ýetirmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bize bolsa Milli Liderimiziň: «Barlygymyzam, bakylygymyzam, beýikligimizem, bitewüligimizem şu Watanymyz, halkymyz bilen bagly. Öňümizde bu mukaddes Watanyň has abadan geljegi üçin bilelikde, birlikde — agzybirlikde geçmeli ýollarymyz, külterlemeli menzillerimiz, dowam etmeli döwlet dessurlarymyz bar» diýen sözlerine eýerip, Watanymyzyň abadan bolmagy, nesillerimiziň sagdyn we bagtyýar ýaşamaklary üçin bilelikde, birlikde arassaçylygy we tygşytlylygy ýörelge edinip, öňe tarap gitmek galýar.

Gülälek BATYROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
7c49eebe6c81d6b8c513e65124500798 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Tebigat – gözelligiň gönezligi 

94a8a6d433926d60c66f31edcce3fa2d 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Belent ösüşleriň we üstünlikleriň ýyly

Soňkylar Habar

GitTop

Don't Miss