Dark
Light
04.01.2026
dasary ykdysady bank THE ASHGABAT TIMES

Döwlet daşary ykdysady iş bankyna «BB- durnukly» reýting derejesi berildi

21.06.2025

Bu barada düýn, 20-nji iýunda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berlip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan Beýik Britaniýanyň «Fitch Ratings» agentliginden halkara reýtingi almak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 16-njy iýunynda ýurdumyzyň bu bankyna «BB- durnukly» reýting derejesiniň kesgitlenendigi baradaky hoş habaryň gelip gowşandygy aýdyldy. Agentligiň maglumatynda Türkmenistanyň maliýe durnuklylygynyň ýokary derejesi we uly möçberde ätiýaçlyk serişdeleriniň bardygy bellenilýär. Şunuň bilen birlikde, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň maliýe-bank işjeňligi gowy bahalandyrylyp, tölege ukyplylygynyň ýokary derejesi beýan edilýär hem-de onuň maliýe serişdeleri boýunça ýurdumyzyň iri banklarynyň biridigine üns çekilýär.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

c5cf942308c51a820635aee0aaa40c45 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halkymyzyň medeni milli mirasy

lybaslar THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Milli lybaslar görkezildi

Soňkylar Habar

«FLEX» maksatnamasy Amerika okuwa çagyrýar!

31.12.2025
Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär. «FLEX» ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bilim we medeni maksatnamalar Býurosynyň medeni alyş-çalyş maksatnamasy bolup, Türkmenistanda Halkara bilim boýunça
GitTop