Dark
Light
03.01.2026
hakyda kitap 222 THE ASHGABAT TIMES

Döwletli ýoluň dowamaty

27.06.2025

Türkmen halky owal-ahyrda kitaba çuňňur sarpa goýýar. Kitap — dünýäniň syryny açýan gudrat. Türkmençilikde mukaddeslikleri ýüzüňe sylmak parz hasaplanýar. Kitabyň hem ýüze sylynmagy türkmen halkynyň oňa goýýan belent sarpasynyň nyşanydyr. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby ýaş nesillerimiz üçin aýratyn gymmatly sowgat boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň şöhratly geçmişimiz, milli taryhymyz barada beýan eden parasatly pikirleri, ylmy taýdan esaslandyrylan garaýyşlary biziň her birimiz üçin nusgalykdyr. Milli Liderimiziň: «Ýollar we iller, ykballar we ahwallar, hadysalar we netijeler hakda pikir ýöredýärin. Şonda adamzat taryhyndaky iň gadymy medeni ojaklaryň hut şu topraklarda döräp, soňra töwereklere, sebitlere, dünýä ýaýrandygy hakyndaky hakykata buýsanýaryn. Dogrudanam, taryh şu ýerden başlanýar. Taryh şu ýerde dowam edýär» diýmek bilen, geçmiş taryhymyzy milli buýsanç esasynda beýan etmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu ganatly jümleleriň aňyrsynda Watana bolan söýgi, watançylyk ýaly iň kämil duýgular bar. Çünki milli taryha buýsanç watansöýüjiligiň baş çeşmesidir. Ähli eserlerinde ata Watany söýmegi, gözüň göreji deýin goramagy, eziz görmegi ündeýän Gahryman Arkadagymyzyň: «Ynsana öz Watanyny söýmekden uly bagt ýokdur. Iň belent söýgi Watan söýgüsidir» diýen sözleri hem bu günki türkmen ýaşlarynyň watançylyk senasy bolup ýaňlanýar.

Gahryman Arkadagymyz bu kitabynda: «Häzirki döwürde ildeşlerimiziň, şol sanda ýaşlaryň-da gadymy taryhdan söz açýan eserler bilen aýratyn gyzyklanýandyklarynyň şaýady bolanymda, örän begenýärin» diýip belleýär. Ýurdumyzyň ösüşinde ýaşlara uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyzyň belent ynamyny ödemek mukaddes borçdur, baş wezipedir. Sebäbi «Ýaşlar biziň geljegimizdir» diýýän Gahryman Arkadagymyz hem-de ilkinji kitabyny ýaşlara bagyşlan Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim almagy, milli ruhda terbiýelenmegi üçin bimöçber tagallalar edýär. Munuň üçin türkmen ýaşlary Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimiz tükeniksiz alkyşlar aýdýarlar.

Ýolly ALLABERDIÝEWA,
TMÝG-niň Darganata etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

yaslar taze 11 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Eziz Watanymyzyň nurana geljegi

medeniyet we sungat 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Medeni diplomatiýany ilerledip

Soňkylar Makalalar

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Bilimli ýaşlar – buýsanjymyz

30.12.2025
Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly

Täsin we geň galdyryjy täze ýyl ynançlary

30.12.2025
Biler bolsaňyz, dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikdir süýjüler bilen bezelipdir.
GitTop