yasar kit THE ASHGABAT TIMES

Kämil ýaşlar röwşen geljegimizdir

27.06.2025

Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Amala aşyrylýan işleriň diňe häzirki däl, eýsem, geljekki nesilleriň hem bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilmegi guwandyryjydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlary Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, beýik maksatlara tarap ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda okaýarlar, hünär öwrenýärler, döredýärler, gurýarlar, özlerine bildirilýän belent ynama mynasyp jogap bermäge çalyşýarlar. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň ynamy ýaşlary täze üstünliklere, belent maksatlara ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny hut ýaşlara, olaryň gazanan üstünliklerine bagyşlamagynda-da biz şeýle belent ynamy duýýarys.

Ýurdumyzda we halkara giňişliginde amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine türkmen ýaşlarynyň hem işjeň gatnaşmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň kitabynda: «Biz Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyny kabul etdik. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetine resmi agza bolmagy onuň ilkinji miweleriniň biridir. Munuň özi Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny görkezýär» diýip, örän jaýdar bellenilýär.

Ýurdumyzda ýaşlarymyz üçin çäksiz aladalar edilýär. Ýurdumyzy gülledip ösdürmek babatda ägirt uly işleri amala aşyrýan, ýaş nesle uly ynam bildirip, geljege ak ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri elmydama rowaç bolsun!

Gülzar BEKMURADOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
2775592 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sagdyn beden – sagdyn durmuş

masgala THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Maşgala mukaddesligi zenan mertebesidir

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop