Dark
Light
25.01.2026
kids ekso THE ASHGABAT TIMES

«Kids Expo: hemme zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka geçiriler

23.06.2025

2025-nji ýylyň 21-23-nji awgusty aralygynda Aşgabatda «Kids Expo: hemme zat çagalar üçin» atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.

Sergini Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy «Türkmen Expo» kompaniýasy bilen bilelikde guraýar. Çäre çagalar üçin harytlar we hyzmatlar pudagynda möhüm waka, çagalaryň bilim hem-de ösüş pudagynda pikir we tejribe alyşmak üçin meýdança bolar diýlip çaklanylýar. Sergi çagalar üçin hyzmatlar pudagynda işleýän kompaniýalara öz innowasion önümleri we hyzmatlary bilen tanyşdyrmaga, täze bazarlara çykmaga we bu ugurdaky esasy kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilikler döreder.

Ýeri gelende bellesek, geçen ýyl sergä 90-dan gowrak eksponent gatnaşyp, oňa 10 müňden gowrak adam geldi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

kitaphana THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Magtymguly we türkmen medeniýeti

yhg kararnama THE ASHGABAT TIMES
Next Story

YHG-da Türkmenistanyň başlangyjy bilen Kararnama kabul edildi

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop