Dark
Light
25.01.2026
kitaphana new THE ASHGABAT TIMES

Kitap — iň gowy sowgat

09.06.2025

Kitap ynsany, ynsan bolsa dünýäni özgerdýär. Okumyş adamyň dünýägaraýşy hemişe giň, içki pikirleri has-da baý, söz baýlygy bolsa diýseň ösendir. Şoňa görä-de, dünýäniň islendik künjeginde kitabyň iň gowy sowgat hasap edilýändigini, hatda käbir döwletlerde munuň milli däplere, hormat nyşanyna öwrülendigini hem aýtmak bolar.

Halkymyzda şeýle bir aýtgy bar: «Kitap adamyň dostudyr». Çyn dost bolsa kyn günüňde seniň hemaýatçyň. Kitap durmuşda duşup biläýjek külpetleriň, islendik adamyň ykbalynda gabatlaşyp biläýjek meseleleriň çözgüdine aralaşmaga kömek edýär. Durmuşyň örän köpdürli wakalary bar, emma, olaryň hemmesini bir adam öz ömründe başyndan geçirip bilenok. Şonuň üçin biz başgalaryň durmuşynda bolup geçen wakalary kitapdan okap, öwrenip, olary dost maslahaty hökmünde ulanyp bilýäris.

Biziň halkymyz kitaphon halk. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň bir bölümi hem «Terbiýäniň çeşmesi — kitap» diýlip atlandyrylýar. Kitaphonlyk — asyrlaryň jümmüşinden geçip, biziň günlerimize gelip ýeten, bize ata-babalarymyzdan miras galan ýagşy häsiýetdir. Muňa mysal hökmünde, Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasyny hem görkezmek bolar. Her bir adamyň hem kitap bilen dostlaşmagy esasynda öz durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýýanlygy ikuçsuzdyr.

Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän, doly derejede täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen, şeýle-de kitap gory has-da köpeldilen milli kitaphanalarymyz okyjylaryň hyzmatyndadyr. Şeýlelikde, gerek bolan kitaplaryňy, maglumatlary tapyp, okap bolýandygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu ugurda edilýän aladalaryň öz miwesini berýändigine şaýatlyk edýär.

Akjemal SULTANOWA,
Halaç etrap merkezi kitaphanasynyň işgäri,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň agzasy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

haj parzy THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanlylar Saud Arabystany Patyşalygynda gurbanlyk sadakasyny berdiler

caga tomus THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Tomus möwsüminiň gyzyklanmalary

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop

Don't Miss