img 20250622 095949 scaled THE ASHGABAT TIMES

“Merkezi Aziýada «Bitewi Saglyk» – azyk ulgamyny goramak, geljekde pandemiýanyň öňüni almak” sebitleýin taslama durmuşa geçirmek boýunça sebitleýin iş duşuşygy.

24.06.2025

2025-nji ýylyň 19–20-nji iýunynda wideo aragatnaşyk arkaly “Merkezi Aziýada «Bitewi Saglyk» – azyk ulgamyny goramak, geljekde pandemiýanyň öňüni almak” atly köpýurtlaýyn taslamanyň sebitleýin iş duşuşygy geçirildi. Taslama Pandemiýa Gaznasynyň granty esasynda maliýeleşdirilýär. Oňa gatnaşýan ýurtlar: Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan.

Maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyň weterinariýa gulluklarynyň, saglygy goraýyş hem-de daşky gurşawy goramak edaralarynyň wekilleri, şeýle hem Bütindünýä Bankynyň, Bütindünýä Saglygy goraýyş, FAO-nyň, Haýwanlaryň Saglygy goramak boýunça Bütindünýä guramasynyň (OIE), ÝUNEP-niň we RECCA-nyň wekilleri gatnaşdylar.

Iki günlük maslahatda gatnaşyjy ýurtlaryň her biriniň degişli ministrlikleri we pudak edaralary boýunça taslamanyň durmuşa geçirilişiniň ýagdaýy we ýerine ýetirilen çäreler barada hasabatlar diňlenildi.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň adyndan çykyş edip, taslamanyň ýerine ýetirilişi, gazanylan netijeler we ýerine ýetirilen çäreler barada giňişleýin hasabat bilen Döwlet weterinariýa gullugynyň Halkara we ylmy aragatnaşyklary bölüminiň başlygy, şol bir wagtda “Bitewi Saglyk” taslamasy boýunça Gulluk tarapyndan Milli utgaşdyryjy Arslan Soltanmyradow çykyş etdi. Maslahatda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Daşky gurşawy goramak ministrligiň wekilleri çykyş etdiler.

Sebitleýin maslahatyndaky türkmen tarapyndan edilen çykyşlar, Türkmenistanyň sebitleýin derejesinde sanitariýa we epidemiologik howpsuzlygy berkitmek ugrunda ýokary jogapkärçilik derejesine eýedigini ýene-de bir gezek tassyk etdi.
«Bitewi Saglyk» taslamasyna gatnaşmak bolsa, ylmy-tehniki kuwwatyň berkemegine, döwletara we pudagara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine möhüm goşant goşýar.

Maslahatyň maksatlary:

  • Her bir ýurtda pudaklar boýunça taslamanyň ýerine ýetirilişiniň 2-nji ýylyndaky işleriň ýagdaýyny we gazanylan netijeleri beýan etmek;
  • Taslamanyň durmuşa geçirilmeginde ýüze çykan kynçylyklar we mümkinçilikler boýunça pikir alyşmak, şeýle hem 3-nji ýylda zerur bolup biljek goldawlara bolan islegi anyklamak;
  • RECCA guramasyny we onuň sebitdäki ornuny tanyşdyrmak.

Maslahat, sebit hyzmatdaşlygyny has-da berkitmegiň we halklaryň durnuklylygyny hem-de abadançylygyny üpjün etmegiň esasy guraly hökmünde «Bitewi Saglyk» ýörelgesini ilerletmegiň ugrunda möhüm tapgyry boldy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:49 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
oftearxx4rlkdws18xbgscoobthctqxsgt0e9p8r THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Mejlisinde Fransiýa Respublikasynyň senatory bilen duşuşyk geçirildi

bas 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Tomus möwsümini guramaçylykly geçirmek ugrunda

Soňkylar Habar

GitTop