Düýn, 20-nji iýunda Aşgabat şäheriniň Modeller öýünde tomus möwsümi üçin milli lybaslaryň görkeziliş dabarasy geçirildi. Onda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dizaýn» ugry boýunça döredijilik şäheri derejesine eýe bolan paýtagtymyzyň modalar ulgamyndaky mümkinçilikleri köpçülige ýaýyldy.
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty, Aşgabat şäher häkimligi we Dokma senagaty ministrligi tarapyndan bilelikde guralan çäräniň başynda oňa gatnaşyjylar, ilki bilen, “Dizaýn plýus” döredijilik jemgyýetiniň önümleriniň sergisini synladylar. Onda milli öwüşginlerde bezelen özboluşly ýadygärlik we sowgatlyk önümler, türkmen şaý-sepleri we milli nagyşlar bilen bezelen lybaslar, sungat eserleri görkezildi.
«THE ASHGABAT TIMES».