Dark
Light
25.01.2026
fb1388504548e29476878aac8b45631a 1000x5668 1 THE ASHGABAT TIMES

Sanly ulgam – ösüşiň möhüm şerti

27.06.2025

Tehnologik taýdan ösen döwletleriň tejribesinden görnüşi ýaly, hut sanlylaşdyrmak işi olara batly depginler bilen öňe gitmäge hem-de dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşulmaga mümkinçilik berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Hökümetine, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryna ähli derejede halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda tabşyryklary berýär. Türkmenistanyň ösüşiniň geljegi daşarky şertler bilen, ýagny dünýä hojalyk gatnaşyklaryna mundan beýläk-de goşulyşmak, özara bähbitli söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ylmy-tehniki ösüşiň barşynda özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny ýüze çykarmak, adamzat üçin umumy meseleleriň ylalaşylan çözgütlerini işläp taýýarlamak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. 

Häzirki wagtda ählumumy we häzirki zaman meýilleri esasynda emele gelen daşarky täsirleri nazara almak bilen, her bir pudagyň öňünde goýlan wezipelere gaýtadan garamak zerurdyr. Innowasion ösüş ýoluna düşen ýurdumyzda degişli infrastrukturany döretmek, tehniki taýdan üpjün etmek babatda uly işler alnyp barylýar. Şunda şähergurluşyk ulgamynyň ösüşini mysal hökmünde görkezmek bolar. Sanly, maglumat-aragatnaşyk ulgamlaryny we «ýaşyl» tehnologiýalary ulanmagyň giň gerimi milli binagärlik däpleriniň, dizaýnyň häzirki zaman ýörelgeleriniň sazlaşygyny emele getirýän, «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäheriniň gurluşygynda-da öz beýanyny tapýar.

Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy önüm öndürijilere önümi ýerlemegiň ähli tapgyrlaryna onlaýn görnüşde gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Ol taýýar önümleri ugratmakdan onuň bellenen ýere çenli bolan aralygy, ýola sarp edilen wagt, ýüküň agramy, saklanyş derejesi, ugradylýan ýurduň hem-de alyjynyň ady baradaky maglumatlary berip durýar. Munuň özi bar bolan meseleleri öz wagtynda çözmäge, harytlaryň içerki, häzirki mahabat ýagdaýyny, alyjylaryň isleglerini nazara almak arkaly olary daşarky bazarlara ibermegiň amatly ugurlaryny işläp taýýarlamaga ýardam edýär. 

Internetiň ösmegi hem-de smartfonlaryň mümkinçilikleriniň giňelmegi bilen baglylykda, mobil goşundylar möhüm ähmiýete eýe bolýar. Olary ulanyjylar her gün özleriniň hasabyny barlamak, ýerine ýetirilen amallary gözden geçirmek, geçirimleri, hyzmatlaryň töleglerini amala aşyrmak üçin ençeme gezek ulgama girýärler. Ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly pudaklary, hususan-da, elektron senagaty ösdürmäge kuwwatly itergi berildi. Türkmen hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan täze sanly önümleriň durmuşda giňden ulanylýandygy bellärliklidir. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýeti innowasiýalaşdyrmagy çaltlandyrmak, işewürlik hem-de maýa goýum işjeňligini artdyrmak, ylmy gözlegleri köp talap edýän pudaklarda iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak, öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny jemgyýetiň ähli ugurlaryna ornaşdyrmak boýunça alyp barýan döwlet syýasaty halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Resul ÖWEZGELDIÝEW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby


Leave a Reply

Your email address will not be published.

yaslar 222 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýaşlar – röwşen ertirlerimiziň eýeleri

2775592 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sagdyn beden – sagdyn durmuş

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop