Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde, ylmyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmakda, söwda-senagat, oba hojalyk, ulag-aragatnaşyk, ylym-bilim we beýleki ulgamlary innowasion esasda alyp barmakda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak, onuň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin elektron, ylmy ulgamy özleşdirmek, ýokary tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini çekmek arkaly pudaklary döwrebaplaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýär.
Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmeginde ilkinji ugurlaryň hatarynda ýurduň tutuş ykdysady, maliýe we bank ulgamlarynyň ösüşine uly ähmiýet berilýär. Sanly intellektual tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy arkaly býujet serişdelerine takyk gözegçilik etmek hem-de olary dolandyrmak üçin şertleri üpjün edýän maliýe maglumatyny dolandyrmagyň döwlet ulgamynyň döredilmegi derwaýys meseleleriň hatarynda durýar. Onuň esasy maksady has köp zähmeti talap edýän işleri awtomatlaşdyryp, maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizligini we dessinligini artdyrmakdan, býujeti taýýarlamak, ýerine ýetirmek hem hasabatlylygy düzmek işine gatnaşyjylar tarapyndan hödürlenýän maglumatlaryň netijeliligini, dürslügini, takyklygyny üpjün etmekden we şunuň netijesinde hilini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Häzirki wagtda biziň ýurdumyz sanly ulgama geçişi başdan geçirýär, bu bolsa häzirki zaman dünýäsinde ýerli kärhanalaryň netijeliligini we bäsleşige ukybyny ösdürmek üçin, innowasion tehnologiýalary ulanmagy aňladýar. Munuň saýasynda sanly senagatda, oba hojalygynda, ulag-logistik toplumynda, şäher gurluşyk infrastrukturasynda, sport we beýleki pudaklarda, şeýle hem bank işinde we söwdada onlaýn hyzmatlar pudagynda hakyky üýtgeşmeler bolup geçdi. Iri üýtgeşmeler ykdysadyýetiň ähli pudagyny öz içine almak bilen, owaldan bar bolan biznes modelleriniň üýtgemegine alyp bardy.
Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurtda uzak möhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga ýardam berýän netijeli ulgamlaryň ornaşdyrylmagyna, adamlara edilýän jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna we kämil görnüşleriniň ýola goýulmagyna, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň özgerdilmeginde tehnologiýalar bilen bagly töwekgelçilikleriň peselmegini üpjün etmek bilen, internet ulgamynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine ýardam berýär.
Umuman aýdylanda, sanly ykdysadyýet — munuň özi, innowasion tehnologiýalaryň esasynda gurnalan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy bolup, şol bir wagtyň özünde harajatlaryň tygşytlanylmagy bilen bir hatarda, girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykaryp, ykdysady netijeliligiň we ösüşiň möhüm şerti bolup durýar. Sanly giňişligiň aýratynlygy bolup, harytlary bazarlara dessin çykarmak we sarp edijiler üçin ähli amatlyklary döretmek mümkinçilikleriň artmagy çykyş edýär. Beýle diýilmegi, onlaýn düzgüninde hödürlenýän harytlaryň we hyzmatlaryň internet ulanyjylaryň ählisi üçin elýeterliligi bilen häsiýetlendirilýär. Şeýlelikde, sanly ykdysadyýet harytlaryň we pul serişdeleriň dolanyşygynyň täze tizligi, harytlaryň hem-de hyzmatlaryň ýokary hili we olara laýyk gelýän sarp edijiler üçin döredilýän amatlylygyň derejesi bilen adaty ykdysadyýetden tapawutlanýar.
Innowasion ösüşleriň eýýamy bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly ykdysadyýetiň binýadynyň berkemegi ugrunda uly tagallalary edýän Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Güneş HÜSEÝINOWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby