Dark
Light
28.01.2026
sport new 22 THE ASHGABAT TIMES

Sport ýaryşlary: kämillige badalga

20.06.2025

2025-nji ýylyň 9-12-nji iýuny aralygynda sportuň boks görnüşi boýunça 2007-2008-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda Daşoguz welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Ýaryşa welaýatymyzyň türgenleri gatnaşdylar.

Ýaryşda Şabat etrabynyň 1-nji sport mekdebinden 2008-nji ýylda doglan Hursand Adilbekow 75 kilogram agramda çykyş edip, I orna, şeýle hem 2008-nji ýylda doglan Babur Kopalsinow 60 kilogram agramda çykyş edip, II orna mynasyp boldular. Bu türgenleriň tälimçi-mugallymy Barkamal Ýuldaşowdyr. Ýeňiji bolan türgenlere Daşoguz welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Hormat hatlary gowşuryldy. Munuň özi häzirki wagtda sporty ösdürmek babatda edilýän bimöçber aladalaryň oňyn netijesidir, sportuň dürli görnüşleri boýunça kämilleşmek üçin zerur şertleriň döredilendigidir.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli künjeginde, şol sanda biziň sport mekdebimizde hem bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak üçin ähli şertler döredildi. Giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýaş nesillerimiziň sporty gündelik durmuşynyň aýrylmaz bir bölegine öwürmegi aýratyn buýsandyryjy ýagdaýdyr.

Atahan ARTYKOW,
Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň

1-nji sport mekdebiniň direktorynyň orunbasary.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

7jxlosjsq4aij8kkn5dvufadry19txsgmhisjhfq7zlecvgifpgc71aniqzn 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halkara küşt ýaryşy: dostlugyň täze sahypasy (fotogalereýa)

c6ce454938dff27c013724e5ca39a413 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Telekommunikasiýalar pudagynyň yokary hilli osüşleri

Soňkylar Makalalar

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy

Milli terbiýe – asylly ýörelge

25.01.2026
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanylyp,

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu
GitTop