«Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeňleriniň arasynda «Talyp joşguny – 2025» atly döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Bilim ministrliginiň bilelikde guramaklarynda geçirilen festiwal köp adamly boldy.

Zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmakda netijeli häsiýete eýe bolup durýan döredijilik festiwalyna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan düzülen toparlar uly höwes bilen gatnaşdylar. Olar sungatyň dürli ugurlarynda özleriniň zehinini, döredijilik ukybyny görkezip, festiwalyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdylar.

Döredijilik festiwalyna gatnaşyjy toparlara ýadygärlik sowgatlary hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we Bilim ministrliginiň Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
«THE ASHGABAT TIMES».