Dark
Light
25.01.2026
bas 2 THE ASHGABAT TIMES

Tebigatyň dürler hazynasy

24.06.2025

Köýtendagyň geriş-geriş bolup gidýän salkyn howaly jülgeleri, gat-gat beýgelip asman gümmezleri bilen bäsleşýän dag kökenli dereleri, derde derman çeşmeleridir kölleri, ajaýyp ertekini ýadyňa salýan dagasty gowaklary, dinozawrlaryň dag belentliginde müdimilik möhür bolup galan yzlary görenleri haýrana goýýar.

Ajaýyp tebigatly Köýtendagyň emele geliş taryhyndan başlap, bu ýerde her ädimde duş gelýän açylmadyk syrlar, görülmedik gözellikler, öwrenilmedik täsinlikler kalbyňa sazlaşyk mukamy bolup ornaşýar. Köýtendagyň täsin tebigy toplumy özüniň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýokary derejedäki dürlüligi, diňe belli bir geografik çäklerde ýaýran we gadymy döwürlerden saklanyp galan görnüşleriniň köp mukdardalygy, şeýle hem dürli öwüşginli  tebigy görnüşlere  we ösümlik toparlanmalaryna diýseň baýlygy bilen tapawutlanýar.

Köýtendag sebitindäki halkymyzyň ýeňişli ýollarynyň altyn sahypalaryny özünde jemleýän gadymy arheologik ýadygärlikler  gözel tebigatymyzyň täsinlikleri bilen utgaşyp, oňa taýsyz zynat, üýtgeşik mazmun berýär. Türkmen topragynyň täsin galdyrýan ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ençemesini özünde jemleýän meşhur Köýtendag, gözelligi bilen haýran galdyrýan Garlyk gowaklary, galyberse-de dinozawrlaryň yz galdyran ýeri hökmünde tutuş dünýäde Hojapil ady bilen şöhratlanýan halkara syýahatçylyk merkezine öwrülmäge mynasypdyr. Şol sebäpli, soňky döwürde Köýtendag sebitiniň tebigy toplumynyň açylmadyk syrly täsinliklerini gorap saklamaklyga hem-de çuňňur öwrenmeklige aýratyn ähmiýet berilýär.

Şahnoza GAPBAROWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

yaslaryk THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bagtyýar geljegi gurujylar

mgoqrbzlxla7xlzzbd6cf1tjldnpxakvfcfknni0 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop