Dark
Light
25.01.2026
bas 1 THE ASHGABAT TIMES

Tomus möwsümini guramaçylykly geçirmek ugrunda

24.06.2025

Ýakynda Mary şäheriniň rus dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji çagalar bakja-bagymyzda «Mekdebe çenli çagalar edaralarynda tomus möwsüminde göwnaçmalary guramakda elektron serişdeleriň ähmiýeti» diýen temada usuly-amaly maslahat geçirildi. Usuly, pedagogik ugurly bu çäre Mary welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan guralyp, oňa gatnaşmak üçin müdirligiň hünärmenleri, öňdebaryjy bilim işgärleri, terbiýeçi-usulyýetçiler, şepagat uýalary, terbiýeçiler, aýdym-saz ýolbaşçylary, daşary ýurt dili mugallymlary gatnaşdylar.

Usuly-amaly maslahatyň gün tertibine laýyklykda, tomus sagaldyş möwsüminiň guramaçylykly alnyp barylmagynda, gün tertibiniň berjaý edilmeginde, körpeleriň şadyýan we sagdyn ösdürilmeginde ähmiýetli bolan usullara degişli çykyşlar diňlendi. Hünärmenleriň beren maslahatlary, möwsümiň barşyndaky gyzyklanma çärelerde sanlylaşdyrylan serişdelerden peýdalanmagyň täsirliligi, degişli gözükdirijilerden, usuly gollanmalardan ýerlikli peýdalanmak baradaky görkezme serişdeleri täsirli boldy.

sur 2 THE ASHGABAT TIMES

Ýeri gelende bellesek, biziň bilim işgärlerimiz Amangözel Seýtekowanyň, Güljan Tirkişowanyň guran gyzyklanma çäreleri, Oguljeren Annagulyýewa, Läle Kakabaýewa, Jennet Baýramowa, Güljeren Hommadowa ýaly terbiýeçileriň aýdym-saz mugallymy Gülbahar Çerkezowa bilen bilelikde taýýarlan göwnaçma çäreleri usuly maslahatda öwrenilenleri, amaly taýdan berkitmekde netijeli boldy.   «Haýwanat bagyna gezelenç», «Çaga olimpiýa oýunlary», «Saýrak jüýjeler», «Erteki gahrymanlary sanly ulgamda myhmançylykda», «Awaza syýahat», «Путешествие в транспорта», «Körpeje gurluşykçylar» atly gyzyklanma we göwnaçma çäreleri çagalaryň sagdyn dynç alyşyny, ruhubelent pursatlaryny açyp görkezdi. Şeýle-de bu ýerde taplama çäreleriniň  ýerine ýetirilişine syn edildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim-terbiýeçilik işleriniň kämilleşdirilmegi, ösüp gelýän körpe nesilleriň sagdyn-durmuş ýörelgelerinde kemala getirilmegi ugrunda şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!

Tawus ANNAMÄMMEDOWA,
Mary şäheriniň rus dilini çuňlaşdyryp öwredýän
ýöriteleşdirilen 21-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

img 20250622 095949 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

“Merkezi Aziýada «Bitewi Saglyk» – azyk ulgamyny goramak, geljekde pandemiýanyň öňüni almak” sebitleýin taslama durmuşa geçirmek boýunça sebitleýin iş duşuşygy.

yaslaryk THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bagtyýar geljegi gurujylar

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop