Dark
Light
25.01.2026
caga tomus THE ASHGABAT TIMES

Tomus möwsüminiň gyzyklanmalary

10.06.2025

Tomus paslynda ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda tomus sagaldyş möwsümi şadyýan we ruhubelent ýagdaýda geçirilýär. Okuw ýyly jemlenenden soň, çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna görä toparlarda tomus möwsüminiň Gün tertibine we iş meýilnamasyna laýyklykda gyzyklanma we göwnaçma çäreleri guralýar. Bu döwürde çagalaryň sagdyn ösüşini gazanmak maksady bilen taplama çäreleri hem netijeli guralýar.

Bu möwsümde çaganyň durmuşa taýýarlygyny, beden we ahlak taýýarlygyny, şeýle-de kommunikatiw (çagalaryň ýakynlary we beýleki çagalar bilen bilelikde oýnamak, meşgullanmak) endiklerini tomus sagaldyş möwsüminde körpeler bilen guralýan dürli gyzyklanma we göwnaçma çäreleriniň, aýdym-sazly çykyşlaryň, hereketli we many-mazmunly oýunlaryň, duýgulary ösdürmek üçin öwrediji oýunlaryň, bäsleşikleriň üsti bilen kämilleşdirmek maksady bilen, çagalaryň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, «Mekdebe çenli çagalar edaralarynda tomus sagaldyş möwsüminde geçirilýän gyzyklanma çäreleriniň mysaly tertibi» esasynda işler maksadalaýyk geçirilýär.

Çagalar dürli gyzykly ugurlar boýunça wagtlaryny hoş geçirýärler we ýatdan çykmajak täsirli wakalara şaýat bolýarlar. Munuň özi çagalaryň milli we döwrebap ruhda kemala gelmeklerinde oňyn täsirlidir.

Ajaýyp zamanamyzda bagtyýar nesilleriň sagdyn ösmegi, mynasyp dynç almagy we öwrenenlerini özleşdirmekleri üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!

Durna GURBANOWA,
Murgap etrap bilim bölüminiň
mekdebe çenli çagalar edaralary boýunça hünärmeni.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

kitaphana new THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Kitap — iň gowy sowgat

5 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Üzeyir Hajybeýliniň zehini we Türkmenistanda halanýan “Arşin Mal Alan”

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop