Dark
Light
03.01.2026
2 1750133216 THE ASHGABAT TIMES
Uçurymlar baýramçylyk dabarasynda. 2025-nji ýylyň 16-njy iýuny, TDIMHGI, Aşgabat, Türkmenistan. (Surat: iirmfa.edu.tm)

Türkmen diplomatiýasynyň milli ýokary mekdebinde uçurymlaryň baýramçylyk dabarasy geçirildi

17.06.2025

2025-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uçurymlarynyň baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden wekilleri, institutyň professor-mugallymlarydyr talyplary, şeýle hem uçurymlaryň hossarlary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň resmi saýtynda 16-njy iýunda habar berildi.

Baýramçylyk dabarasynda institutyň professor-mugallymlary, halypa diplomatlar gutlag sözleri bilen çykyş edip, uçurymlara ak ýol, üstünlik arzuw etdiler. Dabaranyň dowamynda uçurym talyplaryň ata-eneleri hoşallyk sözlerini bildirdiler.

Habarda bellenilişine görä, 2024-2025-nji okuw ýylynda hünärmen maksatnamasy boýunça talyplaryň 78-si, şeýle hem magistrleriň 79-sy türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebini üstünlikli tamamladylar. Institutyň resmi saýtynda bar bolan maglumatlara görä, 2021-2022-nji okuw ýylyndan başlap, institutda bakalawr maksatnamasy esasynda bilim berlip başlanypdy. 2024-2025-nji okuw ýylynda bolsa ilkinji gezek bakalawr maksatnamasy boýunça talyplaryň 44-si uçurym boldular. Umumylykda, uçurymlaryň 12-si ýokary okuw mekdebini tapawutlanan diplom bilen tamamlamagy başardylar. Dabaranyň dowamynda olara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ýeri gelende bellesek, 2009-njy ýyldan başlap institut öz uçurymlaryny işe ýollap ugrady. 2009 — 2024-nji ýyllar aralygynda uçurymlaryň 856-sy instituty tamamlap, şolaryň 124-si tapawutlanan diploma mynasyp boldular. Şeýle-de 2022-nji ýylda ilkinji gezek 31 sany magistr okuwy tamamlap, olaryň 4-si tapawutlanan diploma mynasyp boldular. 2023-2024-nji ýyllarda bolsa magistrleriň 115-si okuwy tamamlap, olaryň 5-si tapawutlanan diplom aldylar.

Uly ruhubelentlige beslenip geçen dabaranyň dowamynda uçurymlaryň talyplyk ýyllaryna degişli pursatlardan wideoşekilleriň görkezilmegi özboluşly tolgunmalary döretdi.

Baýramçylyk dabarasy joşgunly aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Institutyň aýdym-saz we döredijilik toparynyň talyplary özleriniň sahna ussatlygyny görkezip, geljekki halkaraçy hünärmenler hökmünde daşary ýurt dillerinde aýdymlary ýerine ýetirdiler.

asfasadfasd THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan Medeniýet Hepdeligine taýýarlyk görýär

caga sikes THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Taplama çäreleriniň ähmiýeti

Soňkylar Habar

«FLEX» maksatnamasy Amerika okuwa çagyrýar!

31.12.2025
Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär. «FLEX» ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bilim we medeni maksatnamalar Býurosynyň medeni alyş-çalyş maksatnamasy bolup, Türkmenistanda Halkara bilim boýunça
GitTop

Don't Miss